Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň ýörite wekili Gazagystanda Russiýa girizilen sanksiýalary maslahat edýär


Dawid O’Salliwan (arhiw suraty)
Dawid O’Salliwan (arhiw suraty)

Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalaryň berjaý edilişine gözegçilik edýän ýörite wekili Dawid O’Salliwan 28-nji noýabrda Astanada gazak resmileri bilen gepleşikleri geçirdi.

Ol Merkezi Aziýanyň bu döwletiniň Russiýa iki-maksatly harytlaryň gaýtadan eksport edilmegini göz-görtele kemeldendigini, emma şol bir wagtda demirgazyk goňşusyna beýleki serişdeleriň eksportyny artdyrandygyny belledi.

Moskwanyň geçen ýyl Ukraina garşy esassyz başladan urşundan soň, Russiýa garşy halkara sanksiýalary girizilipdi.

O’Salliwanyň 29-njy noýabrda bu meseleleri maslahat etmek üçin, Özbegistana hem gelmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG