13-nji martda Ýewropa Bileleşiginiň Parlamenti emeli aňy, şol sanda OpenAI-yň ChatGPT-i ulgamyny düzgünleşdirýän kadalaryň giň gerimini tassyklady.
Ýewropa Bileleşiginiň Ýokary derejeli resmileriniň sözlerine görä, ilki 2021-nji ýylda hödürlenen bu kadalar raýatlary uly depgin bilen ösýän bu tehnologiýa ulgamynyň mümkin howplaryndan goramaga, şol bir wagtda kontinentde özgerişi ilerletmäge gönükdirilendir.
Brýussel 2022-nji ýylyň aýagynda OpenAI-yň ChatGPT-i ulgamy orta çykyp, dünýäde emeli aň boýunça bäsdeşlige ýol açanyndan soňra, munuň bilen bagly täze kadalaşdyryjy düzgünleri ornaşdyrmak ugrunda has köp tagalla edip başlady.