Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Russiýany AÝ/AR-nyň tussaglykdaky žurnalisti Alsu Kurmaşewany “dessine azat etmäge” çagyrýar


Žurnalist Alsu Kurmaşewa suduň zalynda
Žurnalist Alsu Kurmaşewa suduň zalynda

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Josep Borrell Russiýany Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Tatar-Başkyr gullugynyň tussaglykdaky baýry žurnalisti Alsu Kurmaşewanyň “dessine azat edilmegine” çagyrdy. Kurmaşewa Russiýada eýýäm iki aý bäri tussaglykda saklanýar.

“Ýewropa Bileleşigi rus resmilerini žurnalist Alsu Kurmaşewany dessine azat etmäge çagyrýar. Oňa žurnalistiki işini berjaý edeni üçin 15 ýyl türme tussaglygy abanýar” diýip, Borrell 18-nji dekabrda sosial ulgamda ýazgy ýerleşdirdi.

“Russiýanyň resmileri žurnalistleriň howpsuzlygyny we olaryň özüni azat ýagdaýda erkin beýan edip bilmek hukugyny kepillendirmeli, şeýle-de olary yzarlamagy bes etmeli” diýip, Borrell sözüne goşdy.

ABŞ-nyň we Russiýanyň goşa raýatlygyna eýe bolan we Pragada ýaşaýan žurnalist Kurmaşewa maý aýynda, maşgaladaky adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli Russiýa gitdi.

Ol 2-nji iýunda, yzyna uçmak üçin Kazan howa menzilinde uçaryna garaşýan wagtynda wagtlaýyn saklanyp, elindäki ABŞ we rus pasportlary konfiskasiýa edildi. Şondan bäri ol Russiýadan çykyp bilmeýär.

Kurmaşewa 18-nji oktýabrda tussag edildi we daşary ýurt agenti hökmünde hasaba durmazlykda aýyplandy.

XS
SM
MD
LG