22-nji ýanwarda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Ysraýyla iki-döwlet çözgüdiniň ähmiýetini nygtady we parahatçylygy “diňe harby nukdaýnazardan” gurup bolmajakdygyny aýtdy. Bu onuň Ysraýylyň we Palestinanyň ýokary derejeli diplomatlary bilen geçirmeli gepleşikleriniň öň ýanynda aýdyldy.
Josep Borrel Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň, Gazadaky uruşdan soň Palestina döwletini döretmek baradaky çagyryşlara garşy çykmagy boýunça, BMG-niň hem “kabul ederliksiz” diýip häsiýetlendiren ýazgarmasyny gaýtalady.
“Biz iki-döwlet çözgüdini ilerletmek isleýäris. Geliň, bu barada gürrüň edeliň” diýip, Borrel aýtdy.
Ol Ysraýyla “parahatçylygy we durnuklylygy diňe harby nukdaýnazardan gurup bolmaýandygyny” hem aýtdy.