Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD Owganystandaky adam pidaly hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy


Bamiýandaky heýkeller
Bamiýandaky heýkeller

19-njy maýda “Yslam döwleti” ekstremistiki topar Owganystanyň merkezi Bamiýan welaýatynda syýahatçylara edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

17-nji maýda jeňçileriň ýaraglardan ot açmagy netijesinde ispaniýaly üç syýahatçy heläk boldy, ýene-de biri ýaralandy. Bu barada Ispaniýanyň Daşary işler ministrligi mälim etdi.

Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylarynyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Abdul Matin Kaneniň maglumatyna görä, hüjüm bilen ilteşikli dört adam tussag edilipdir.

Ol hüjümde daşary ýurtly üç syýahatçydan başga-da, bir owgan raýatynyň öldürilendigini, şeýle-de ýedi adamyň, şol sanda dört daşary ýurtlynyň ýaralanandygyny sözüne goşdy.

Bamiýan BMG-niň Bütindünýä mirasynyň sanawynda bolup, bu sebitde Buddanyň ägirt uly iki heýkeliniň galyndylary hem saklanýar. Heýkeller 2001-nji ýylda, “Talybanyň” ozalky häkimiýeti döwründe partladyjylar bilen weýran edilipdi.

XS
SM
MD
LG