Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýekelikdäki 'Parahatçylyk missiýasy' dowam edýär, Orban Pekinde Şi bilen duşuşdy


Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban Pekinde Hytaýyň prezidenti Şi Szinpin bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban Pekinde Hytaýyň prezidenti Şi Szinpin bilen duşuşdy

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban "Parahatçylyk missiýasy 3.0" diýýän tagallasynyň çäginde Pekinde Hytaýyň prezidenti Şi Szinpin bilen duşuşdy, emma Wengriýanyň günbatarly hyzmatdaşlary muňa gahar edip, onuň Ukrainadaky urşa gönükdirilen ikitaraply başlangyçdygyny aýdýarlar.

Bu duşuşyklar Wengriýa 1-nji iýulda ÝB Geňeşiniň başlyklygyny kabul edeninden soň başlandy we ÝB resmileri Orbanyň bu meselede öz toparlaryna wekilçilik etmeýändigini aýtdylar.

Orban Russiýa-Ukraina konfliktini ara alyp maslahatlaşmak üçin Hytaýa edýän yglan edilmedik saparyny gorap, "# Hytaý #RussiaUkraina urşunda # parahatçylyk üçin şert döretmekde möhüm güýç bolup durýar" diýdi. "Şu sebäpden men Şi bilen duşuşmak üçin, onuň Budapeşte eden saparyndan iki aý soň Pekine geldim" diýip, wenger premeýeri sözüniň üstüni ýetirdi.

Orbanyň Hytaýa sapary rus prezidenti Wladimir Putin bilen 5-nji iýulda we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen 2-nji iýulda bolan duşuşygyndan soň amala aşyrylýar. Ol Kiýewe eden saparynda bir aýdyň bolmadyk parahatçylyk teklibini edendigini aýdypdy.

Wenger lideriniň Pekin sapary NATO liderleriniň, şol sanda Orbanyň Waşingtonda transatlantik harby bileleşiginiň 75 ýyllygyny bellemek üçin ýygnanyşmagyndan bir gün öň guraldy. ABŞ paýtagtyndaky sammitde Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan esassyz urşuna berilýän Günbatar jogabynyň esasy meseleleriň biri bolmagyna garaşylýar.

Şi Orban bilen bolan duşuşykdan soň ukrain urşy barada söz açyp, "Halkara jemgyýetçiligi şert döretmeli we iki tarapa göni dialogy we gepleşikleri dikeltmek kömegini bermeli" diýdi.

Hytaý lideri bu konflikti ýazgardy, ýöne ol 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanan giň gerimli rus çozuşyndan birnäçe hepde öň özi bilen "çäksiz" hyzmatdaşlygy ýola goýan Putini diplomatik taýdan goldady.

"Bu çaknyşykda diňe ähli esasy güýçler negatiw, ters däl-de, pozitiw, oňyn energiýa sarp edenlerinde, atyşygy bes etmegiň daňy mümkin boldugyça çalt agaryp biler” diýip, Şi aýtdy.

Öňki iki saparynda bolşy ýaly, Orbanyň Hytaýa eden sapary hem garaşylmadyk ýagdaýda boldy.

Wengriýanyň ÝB hyzmatdaşlary, görnüşinden, Orbanyň Pekine gonanda X sosial platformasynda "Parahatçylyk missiýasy 3.0" diýip atlandyran utgaşdyrylmadyk diplomatiýasyna gaharly reaksiýa bildirdiler.

Germaniýanyň Daşary işler ministrligi bir gün öň Wengriýanyň Daşary işler ministrleriniň 8-nji iýulda Budapeştde meýilleşdirilen mejlisini ýatyrmagyna "geň galandygyny" aýtdy. Ministrlik 5-nji iýulda Brýussel bilen Budapeştiň Putin duşuşygyndan soň "çynlakaý we dogruçyl" pikir alyşmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Budapeşt Wengriýanyň daşary işler ministri Piter Szijartonyň Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok bilen duşuşygynyň soňa goýulmagyna "garaşylmadyk üýtgeşmäniň" sebäp bolandygyny aýtdy.

Orban 5-nji iýulda Moskwa baranda, ÝB-niň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Josep Borrell "Premýer-ministr Orban Moskwa barmak üçin ÝB Geňeşinden hiç hili mandat almady" diýdi.

Ol bu saparyň "diňe Wengriýa bilen Russiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäginde amala aşyrylandygyny" aýtdy.

Orban Wengriýanyň häzirki gezekli başlyklygynda, ÝB alty aýlyk prezidentligi mahalynda geçirilýän gepleşiklerde ýa-da düşünişmelerde Bileleşige wekilçilik etmek hukugynyň ýokdugyny boýun aldy.

Orban 2-nji iýulda Kiýewde Zelenskä söweşe arakesme berilmegini maksat edinýändigini aýdyp, atyşygy bes etmek teklibini hödürledi. Ol öz teklibi barada jikme-jik maglumat bermekden saklandy, ýöne Zelenskiden "arakesme edip, atyşygy togtadyp, soň gepleşikleri dowam etdirip bolmazmy" diýip sorandygyny aýtdy.

Zelenski žurnalistler bilen geçirilen brifingde bu teklip barada öz pikirini aýtmady, ýöne prezidentiň metbugat wekili 2-nji iýulda Zelenskiniň Orbana onuň öz pikirlerini aýtmak mümkinçiligini berendigini aýtdy.

Hytaýyň prezidenti Şi Pekin bilen Budapeştiň arasyndaky diplomatik we ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginiň bir alamaty hökmünde, maý aýynda Wengriýa sapar etdi.

Forum

XS
SM
MD
LG