Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemeniň huthi jeňçileri ABŞ-nyň gämisini urandygyny aýdýar


Ýemeniň hutji jeňçileri (arhiw suraty)
Ýemeniň hutji jeňçileri (arhiw suraty)

Ýemendäki Eýran tarapyndan goldanylýan huthi jeňçileri 17-nji ýanwarda ABŞ-nyň bir gämisini raketa bilen “gönümel urandygyny” aýtdy. Bu barada toparyň harby metbugat wekili beýanat bilen çykyş etdi.

“Harby deňiz güýçleri Gyzyl we Arap deňizlerinde Ýemeni goramak boýunça kanuny hukuguny we Palestinanyň ezilen adamlaryny goldamagyny dowam etdirmek tagallalarynyň çäginde, ähli görnüşli nyşanalary urmakdan çekinmez” diýip, metbugat wekili Ýaýha Sarea aýtdy.

Ol urlan suw serişdesini ABŞ-nyň Genco Picardy ýük daşaýjy gämisi diýip häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG