Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewanda bolan partlamada azyndan iki adam öldi


Resmiler partlama bilen ilteşikli jenaýat derňew işini gozgadylar.
Resmiler partlama bilen ilteşikli jenaýat derňew işini gozgadylar.

5-nji fewralda Ermenistanyň paýtagty Ýerewanyň günorta-gündogar etrapçasynda bolan güýçli partlamada azyndan iki adam öldi, başga-da ikisi ýaralandy. Bu barada ýerli resmiler habar berdi.

Içeri işler ministrligiň maglumatyna görä, hadysa şäheriň, aglaba bir ýa iki gatly hojalyk jaýlarynyň ýerleşýän Nor Areş etrabynda ýüze çykypdyr we partlamada iki jaý weýran bolupdyr.

Ministrlik iki adamyň jesediniň harabalaryň aşagyndan çykarylandygyny, şeýle-de halas edilen başga iki kişiniň keselhana äkidilendigini habar berdi.

Resmiler bu hadysa bilen ilteşikli jenaýat derňew işini gozgadylar.

XS
SM
MD
LG