Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewanda Paşiniýanyň çekilmegine çagyrýan protestlerde onlarça adam saklandy


Ýerewanda demonstrantlar premýer-ministr Nikol Paşiniýanyň wezipeden çekilmegini talap edýärler. 26-njy maý
Ýerewanda demonstrantlar premýer-ministr Nikol Paşiniýanyň wezipeden çekilmegini talap edýärler. 26-njy maý

27-nji maýda irden Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda premýer-ministr Nikol Paşiniýanyň wezipeden çekilmegini talap edip geçirilýän hökümete garşy protestleriň dowamynda, polisiýa onlarça adam saklady. Demonstrantlar Azerbaýjan bilen demakrasiýa, ýagny serhet araçäkleri kesgitlemek boýunça baglaşylan ylalaşyga garşy çykýarlar.

“Watan üçin Tawuş” hereketiniň agzalary we goldawçylary, 53 ýaşly arhiýepiskop Bagrat Galstaniýanyň çagyryşlary esasynda, bu dawaly ylalaşyga protest hökmünde Ýerewanyň ençeme köçelerini hem petiklediler.

Polisiýa köçeleri arassalamak tagallalarynyň çäginde protestçileri hem tussag etdi.

Içeri işler ministrligiň metbugat wekili Narek Sargsianyň žurnalistlere beren maglumatyna görä, 27-nji maýda irden 137 adam saklanypdyr.

XS
SM
MD
LG