Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewandaky oppozisiýa mitinginde onlarça adam saklandy


Protestçiler polisiýa bilen çaknyşýar. Ýerewan, 12-nji iýun, 2024.
Protestçiler polisiýa bilen çaknyşýar. Ýerewan, 12-nji iýun, 2024.

Ýerewanyň merkezindäki oppozisiýa mitingleri dowam etdirilýär. Üçünji gün polisiýa azyndan 90 demonstranty tussag etdi.

BBC-niň maglumatyna görä, parlament binasynyň öňündäki meýdança birnäçe müň adam toplandy. Polisiýa demonstrantlara garşy sesli granat ulanýar. Ermenistanyň Saglyk ministrligi azyndan 55 adamyň ejir çekendigini habar berdi.

Ermenistanda başlanan boýun egmezlik hereketleri birnäçe hepde bäri köşeşmeýär. Demonstrantlar Ermenistanyň iş başyndaky premýer-ministri Nikol Paşinýanyň we onuň hökümetiniň işden çekilmegini talap edýärler.

Olaryň köpüsi “Watan üçin Tawuş” hereketiniň tarapdarlary bolup, bu hereketiň lideri, arhiýepiskop Bagrat Galstanýany, täze kandidat hökmünde, premýer-ministrlige teklip edýärler.

Ermenistanda geçirilýän mitinglere Ýerewanyň territoriýa eglişigini edip, serhetýaka obalarynyň birnäçesini Azerbaýjana geçirmegi wada bermegi sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG