Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Bileleşiginiň Usmanow bilen Fridmany sanksiýa sanawyndan aýyrjakdygy habar berilýär

Rus telekeçileri Mihail Fridman (çepde) we Alişer Usmanow. (birleşdirilen arhiw suraty)
Rus telekeçileri Mihail Fridman (çepde) we Alişer Usmanow. (birleşdirilen arhiw suraty)

BRÝUSSEL — Ýewropa Bileleşiginiň rus-özbek oligarhy Alişer Usmanowy we rus-ysraýyl oligarhy Mihail Fridmany sanksiýa sanawyndan aýyrmagyna garaşylýar. Şol bir wagtda, sanawdaky beýleki 3 müňe golaý şahsa we gurama degişli emläkleri doňdurmak we wiza gadagançylygy çäreleriniň möhleti ilkinji gezek üç ýyl uzaldyljak.

Diplomatlaryň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ÝB ýurtlarynyň ilçileri birnäçe hepdeläp dowam eden gepleşiklerden soň, 21-nji sentýabrda bu ädim boýunça ylalaşyga geldiler.

Adatça her alty aýdan agza ýurtlaryň biragyzdan makullamagy bilen möhleti uzaldylýan bu sanksiýa sanawyna başga-da birnäçe oligarh, şeýle-de Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we onuň daşary işler ministri Sergeý Lawrow girýär. Emma sentýabryň başynda Slowakiýanyň weto hukugyndan peýdalanyp, Usmanow bilen Fridmany sanawdan aýyrmagy talap etmegi tutuş sanawdaky sanksiýalaryň güýjüni ýitirmek howpuny döretdi.

Bratislawa martda sanksiýalaryň möhleti soňky gezek uzaldylanda-da şeýle talaby öňe sürüpdi. Ýewropaly diplomatlar ilkibaşda bu gezek hem ýazdaky ýaly ylalaşyga gelner öýdüpdi: hiç kimi "syýasy sebäpler bilen sanawdan aýyrmazdan", sanksiýalary agza ýurtlaryň köpüsiniň isleýşi ýaly 12 aý däl-de, alty aý uzaltmak.

Emma geçen hepde gepleşikler has çylşyrymlaşdy. Ilki Fransiýa özüniň hem Usmanowyň sanawdan aýrylmagyny isleýändigini bildirdi. Munuň esasy sebäpleriniň biri Azerbaýjanyň, eger şeýle edilse, bu Günorta Kawkaz ýurdunda türmede saklanýan iki fransuz raýatyny boşadyp biljekdigine yşarat etmegi boldy.

Soňra Lýuksemburg hem goşulyp, Usmanow sanawdan aýrylsa, Fridmanyň hem aýrylmalydygyny bildirdi. ÝB-niň beýleki käbir ýurtlary bolsa iki oligarha garşy sanksiýalaryň hukuk esaslarynyň berkdigini aýdyp, olaryň sanawdan aýrylmagyna düýbünden garşy çykdylar.

Usmanowyň ÝB kazyýetiniň üsti bilen özüni sanawdan aýyrtmak synanyşyklary 2024-nji ýylda-da, 2025-nji ýylda-da şowsuz bolupdy. Fridman bolsa 2024-nji ýylda Brýussele garşy möhüm kazyýet işinde ýeňiş gazansa-da, sanawda galdy. Sebäbi karar sanksiýalaryň 2022–2023-nji ýyllardaky esaslandyrylyşyna degişli bolup, şondan bäri bileleşik täze subutnamalara daýanyp, ony sanawa girizmegiň esaslaryny täzeläpdi.

Gepleşikleriň petige diremegi sebäpli ÝB ýurtlary çözgüt tapmak üçin wagt gazanmak maksady bilen, 15-nji sentýabrda möhleti dolmaly sanksiýalary bary-ýogy ýedi gün uzaltdylar.

Birnäçe başga teklip hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň arasynda iki oligarhyň emläkleriniň doňdurylmagyny saklap, diňe wiza gadagançylygyny ýatyrmak hem bardy. Emma bu teklipler boýunça ylalaşyk gazanylmady.

Ahyrsoňy, sanksiýalaryň indiki gezek uzaldylmaly möhletini 2029-njy ýylyň güýzüne geçirmek şerti bilen, iki oligarhy hem sanawdan doly aýyrmak barada ylalaşyga gelindi.

Bu ÝB ýurtlarynyň weto hukugyndan peýdalanyp, adamlary sanksiýa sanawyndan aýyrtmagy ilkinji gezek däl. Geçen ýyl Wengriýa bilen Slowakiýa oligarh Wýaçeslaw Moşe Kantoryň we Russiýanyň sport ministri Mihail Degtýarýowyň sanawdan aýrylmagyny gazanypdylar.

Forum

XS
SM
MD
LG