Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti: Gürjüstanda prezidentiň “daşary ýurt agentleri” kanunyna weto goýmagy “oýlanmaga pursat” döredýär


Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarlz Mişel
Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarlz Mişel

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarlz Mişel Gürjüstanyň prezidenti Salome Zurabişwiliniň daşary ýurtdan maliýe alýan media serişdelerini we hökümete degişli bolmadyk guramalary nyşana alýan dawaly kanuna weto goýmagy, “oýlanmak üçin pursat döredýändigini” aýtdy.

Habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik guramalary we beýleki bähbit aramaýan guramalar, maliýeleşdirmegiň 20 göteriminden gowragy daşary ýurtlardan gelýän bolsa, teklip edilýän kanunçylyga laýyklykda, “daşary ýurt döwletiniň bähbitlerini yzarlaýan” hökmünde hasaba alynmaly bolarlar.

Gürjüstanda bu kanun taslama garşy ençeme hepde bäri köpçülikleýin protestler geçirilýär.

“Men Gürjüstandaky ähli syýasatçylara we liderlere ýüzlenip, dörän bu mümkinçilik penjiresinden netijeli peýdalanmaga we Gürjüstanyň ilatyň goldaýan Ýewropa ugry boýunça durandygyny kepillendirmäge çagyrýaryn” diýip, Mişel X, ozalky Twitter sosial ulgamynda ýazgy galdyrdy.

XS
SM
MD
LG