Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýeti (ECHR) 13-nji iýunda Azerbaýjan hökümetiniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugyna elýeterliligi petiklemek baradaky kararynyň adam hukuklaryny we esasy azatlyklary goramak konwensiýasyna ters gelýändigi, ony bozmak bolandygy barada biragyzdan karar kabul etdi.
Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugy, “Azadlik” 2017-nji ýylda, Bakuwdaky kazyýetiň çykaran kararyndan soň petiklendi. Häkimiýetler bu neşiri, hamala, web sahypasynda “zorlugy we dini ektremizmi wagyz edýän makalany çap etmekde we, beýleki zatlaryň arasynda, köpçülikleýin pitneçiliklere çagyrmakda” aýypladylar.
Azatlygyň Azerbaýjan gullugynyň web sahypasyndan başga, ýene dört sany habar beriş serişdesi - anaxeber.az, 24Saat.org, az24saat.org we xural.com – Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Azerbaýjana garşy işi diýilýäne goşuldy.
Bu dört neşir “ýalan, azaşdyryjy we töhmetçilikli maglumatlary” çap etmekde aýyplandy.
Azatlyk Radiosy we beýleki neşirler şikaýat edip, öz kazyýet işlerinde web sahypalary tutuşlygyna petiklemek barada çykarylan kararyň "aşa ýowuz" bolandygyny öňe sürdüler.
Şeýle-de, olar bu gadaganlygyň esasy sebäbiniň hökümeti tankytlamak we korrupsiýa barada berilýän habarlar bilen baglanyşykly bolandygyny aýtdylar.
Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň öňüni baglamak baradaky çäre bu neşir prezident Ylham Alyýewiň maşgalasynyň agzalary we onuň ýakyn töweregindäki adamlar bilen baglanyşykly maliýe işleri barada derňew hasabatyny çap edeninden soň görüldi.
Bu hasabat Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň düýbi Saraýewoda ýerleşýän Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa hasabaty taslamasy (OCCRP) bilen edýän hyzmatdaşlygy netijesinde taýýarlandy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bu karary şol wagt, 2017-nji ýylda hem ýazgardy we Bakuwdaky hökümeti Azatlygyň "Azerbaýjanda berýän habarlaryny sem etmek üçin "ýene-de bir zoňtar synanyşyk etmekde” aýyplady.
Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýeti öz kararynda Azerbaýjan hökümetiniň şikaýat edenleriň her birine, ýetirilen zyýanyň we beýleki çykdajylaryň öwezini dolmak üçin, jemi 6000 ýewro (6500 dollar) tölemelidigini aýtdy.
Alyýew öňki sowet respublikasyny, nebit öndürýän ýurdy 2003-nji ýyldan bäri dolandyrýar. Ol häkimiýet başyna Azerbaýjany uzak wagt dolandyran kakasy Heýdar Aliýew ýogalmazyndan biraz öň geldi.
Ol hukuk goraýjy toparlaryň, günbatar hökümetleriniň ýygy-ýygydan edýän tankydy belliklerine baş galdyrmaýar, hukuk goraýjylar we hökümetler onuň öz tankytçylaryny galplaşdyrylan, toslama aýyplamalar bilen türmä basandygyny, öz ygtyýarlyklaryndan başgaça pikirlileri ýok etmek üçin hyýanatçylykly peýdalanýandygyny aýdyp gelýärler.
Forum