Eýranda onlarça ýyllap häkimiýet ýeke-täk adamyň, ýagny ýurduň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň elinde jemlenendi. Emma Hameneýini 28-nji fewralda ABŞ-Ysraýyl urşunyň başynda öldürileni bäri Tähranda karar kabul etmek prosesi merkezi bolmakdan barha daşlaşdy diýip, bilermenler aýdýarlar.
Mojtaba Hameneýi mart aýynyň başynda kakasynyň ornuna geçeli bäri köpçülikde görünmedi. Onuň ýoklugynda Eýranyň ýokary derejeli resmileriniň topary ýurdy umuman dolandyryp gelýär.
Agalyk ediji syýasy oýunçy bolan Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusy (YRGK) indi Eýranda aýgytlaýjy güýje öwrüldi diýip, bilermenler aýdýarlar. Reformaçylar we orta derejeli syýasatçylar syýasy çetlere iterildi, bu bolsa has aşa hem-de ideologiýa taýdan has berk ulgamyň döremegine getirdi.
Käbir synçylar tarapyndan “Yslam respublikasy 3.0” diýlip atlandyrýan ýagdaýynda esasy güýç merkezleri we şahsyýetler peýda boldy. Bu şahsyýetleriň köpüsi esasy syýasy meseleler boýunça umumy garaýyşlara eýe bolsa-da, käbir tapawutlar hem ýüze çykdy.
Mojtaba Hameneýi: Täze ýokary lider
Ýokary lider hökmünde 56 ýaşly Mojtaba Hameneýi ähli döwlet meselelerinde soňky söze eýe. Emma onuň awtoriteti, ygtyýary başyndan bäri gowşadyldy.
Hameneýiniň dini lider hökmünde saýlanmagy jedelli boldy. Ruhany öň hiç haçan döwlet wezipesinde bolmandy we käbirleri “miras galan dolandyryşa” tarap hereket etmegiň 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasynyň monarhiýa garşy köklerine dönüklik boljakdygyny öňe sürdüler.
Kakasynyň ölümine sebäp bolan Ysraýylyň howa hüjüminde agyr ýaralanan Hameneýi 8-nji martda wezipä belleneninden bäri köpçülikde görünmedi. Ol kellesinden, arkasyndan we aýagyndan şikes aldy, ýöne häzir "doly sagdyn" diýip, Ýokary lider edarasynyň protokol başlygy Mazahar Hosseini 8-nji maýda aýtdy.
ABŞ-nyň aňtaw gullugy Hameneýiniň uruş strategiýasynda we Birleşen Ştatlar bilen parahatçylyk gepleşiklerini dolandyrmakda möhüm rol oýnaýandygyna ynanýandygyny aýtdy. Emma ýokary ruhany lideriň hemme ýerde bolýan - sesli habarlar ýaýradýan, wideo çykyşlar edýän we öz ygtyýaryny görkezmek üçin köpçülige görünýän - sistemada onuň ýoklugy geň galdyryjydyr.
“Eýran Ali Hameneýiniň ölüminden we onuň 36 ýyllyk liderliginiň tamamlanmagyndan soň geçiş döwrüne girdi” diýip, Waşingtonda ýaşaýan eýranly syýasy analitik Ali Afşari Azatlyk Radiosynyň Farda radiosyna aýtdy. “Bu uruşdan soňky güýçleriň birleşmegi möhüm boljak kyn döwürdir” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Hossein Taeb: Sahna arkasyndaky operator
Aşa berk dini garaýyşly ruhany Taeb Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň (YRGK) aňtaw bölümine 13 ýyllap, 2022-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk etdi. Ol şonda uly howpsuzlyk özgertmeleriniň çäginde işden boşadylypdy.
Döwlet repressiýalaryndaky roly sebäpli Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan gara sanawa girizilen Taeb 2009-njy ýylda Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň (YRGK) aňtaw bölüminiň başlygy wezipesine bellenmezden öň ýokary lideriň edarasynda işläpdi.
Ýaş Hameneýiniň uzak wagtlap ynamdar adamsy bolan Taeb, sahna arkasyndaky möhüm şahsyýet hasaplanýar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, ol Hameneýiniň ulgamyň içindäki möhüm oýunçylar bilen gatnaşyklaryny dolandyrmakda möhüm rol oýnap biler.
Ahmad Wahidi: Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusyny başlygy
Eýranyň ýaragly güýçleriniň elit şahasy bolan Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusy ýurduň syýasatynda hemişe möhüm rol oýnap geldi. Emma Ali Hameneýini öldürilenden soň, ol häzir Eýranda agalyk edýän syýasy güýçdür.
Bu ýagdaý, Ysraýyl we Birleşen Ştatlaryň Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň ýolbaşçylaryny ýok etmegine, şol sanda onuň baş serkerdesi Mohammad Pakpoury öldürendigine garamazdan boldy.
Pakpouryň orunbasary, öňki içeri işler we goranmak ministri Ahmad Wahidi mart aýynyň başynda Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň başlygy wezipesine geçdi. Emma bilermenler Wahidiniň YRGK-niň içinde bäsdeş toparlary birleşdirmäge ýeterlik täsiri we abraýy bardygynyň belli däldigini aýdýarlar.
Mohammad Baker Kalibaf: Araçy
Kalibaf konserwatiw syýasatçy we öňki harby serkerde bolup, onlarça ýyllap Eýranyň ýokary ýolbaşçylary we Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusy bilen gatnaşyklary ösdürdi.
Korrupsiýa dawalary we şowsuz prezidentlik saýlawlary karýerasyna kölege salandan soň, ol, jedelsiz, Yslam respublikasynda galan iň täsirli şahsyýetdir.
Bilermenler Eýranyň ABŞ bilen esasy gepleşikçisi bolan parlament spikeri Kalibafyň eýeleýän roluny Eýranyň dürli häkimiýet merkezleriniň arasyndaky araçy hökmünde häsiýetlendirýärler. Ol täze ýokary lidere ýakyn hasaplanýar.
Mohammad Baker Zolkadr: Howpsuzlyk gullugynyň başlygy
Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň öňki serkerdesi Zolkadr Larijaniniň ýerine ýurduň esasy syýasat kesgitleýji edarasy bolan Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy wezipesine geldi.
Larijani akylly we pragmatik syýasatçy hökmünde tanalsa-da, Zolkadr aşa berk howpsuzlyk we harby resmi hasaplanýar.
Razzak generalyň wezipä bellenmegini Hameneýiniň öz wepalylarynyň arasynda häkimiýeti bölüşdirmek synanyşygy hasaplaýar.
Masud Pezeşkian: Ygtyýarsyz prezident
Reformaçy prezident esasy syýasy oýunçy däl we ulgama agalyk edýän aşa berk garaýyşlylar tarapyndan howp hökmünde görülmeýär.
Pezeşkianyň wezipesi administratiw bolup, hökümetiň gündelik işlerini alyp barýar. Emma uruş we diplomatiýa ýaly esasy meseleler boýunça soňky karar başga ýerde kabul edilýär.
Ol we daşary işler ministri Abbas Arakçi täze häkimiýet gurluşynda görnükli rol oýnaýan reformaçy we orta derejeli syýasy lagerleriň ýeke-täk agzalarydyr. Pezeşkian ýaly, Arakçiniň hem karar kabul etmek ygtyýary ýok, ýöne ýokardan gelýän buýruklary ýerine ýetirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum