Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamabat Eýranda dokuz pakistanlynyň öldürilmegini ýazgarýar, derňewi talap edýär


Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň Yslamabatdaky binasy
Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň Yslamabatdaky binasy

Yslamabat Eýranda Pakistanyň dokuz sany raýatynyň öldürilmegini ýazgaryp, muny “tisgindiriji” diýip atlandyrdy, şeýle-de Eýran resmilerinden gyssagly derňewiň geçirilmegi talap etdi. Bu baradaky beýanat 28-nji ýanwarda edildi.

“Bu hopukdyryjy we tisgindiriji bir çäre, biz muny biragyzdan ýazgarýarys. Biz Eýranyň resmileri bilen aragatnaşykda, biz gyssagly derňewiň geçirilmeginiň we aýylganç jenaýat bilen ilteşikli şahslaryň jogapkärçilige çekilmeginiň zerurdygyny nygtadyk” diýip, Pakistanyň Daşary işler ministrligi beýanat ýaýratdy.

Pakistanyň raýatlary 27-nji ýanwarda iki ýurduň serhediniň golaýynda ýerleşýän Sarawan sebitinde näbelli hüjümçiler tarapyndan atylyp öldürildi. Pakistanyň raýatlarynyň Eýrana territoriýasyna nädip düşendigi bada-bat belli edilmedi.

XS
SM
MD
LG