Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamabatda buluçlaryň aşa köp tussag edilmegine garşy geçirilen ýöriş dargadyldy


Yslamabatda geçirilen protest
Yslamabatda geçirilen protest

21-nji dekabrda Pakistanyň paýtagty Yslamabatda polisiýa buluçlaryň protestini dargatdy.

Protestçiler ýüzlerçe kilometr ýoly aşyp, buluç erkekleriniň çenden aşa köp saklanmagy we polisiýanyň olara edýän sütemlerine ünsi çekjek boldular.

Ýörişiň öňüni çeken zenan Mahrang Baloçyň X sosial ulgamynda galdyran maglumatyna görä, ol ýene birnäçe beýleki protestçiler bilen birlikde polisiýanyň tussaghanasyna ýerleşdirilipdir. Polisiýanyň protesti dargatmagy netijesinde, birnäçe protestçi hem ýaralanypdyr.

Internetde paýlaşylan wideolarda ýörişe gatnaşyjylaryň, esasan hem aýallaryň polisiýanyň öz ogullaryna edýändigi aýdylan sütemlerini ýazgarýandygyny synlasa bolýar.

XS
SM
MD
LG