29-njy maýda Ysraýylyň harbylary Gaza zolagy bilen Müsüriň arasyndaky strategiki geçelgäniň gözegçiligini ele geçirendiklerini yglan ediler. Munuň bilen Ysraýyl, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terroristiki gurama hökmünde ykrar edilen Hamas toparyny ýok etmek boýunça tagallalarynyň çäginde, gaçakçylyk üçin ulanylýan ýerasty geçitleriň öňüni almagy maksat edinýär.
Filadelfiýa geçelgesiniň ele geçirilmegi, Ysraýyl bilen Müsüriň gatnaşyklaryny çylşyrymlaşdyryp biler. Kair Ysraýylyň öz serhetlerine ilerlemegini tankytlap gelýär.
Ysraýyl bu sebitdäki köp sanly ýerasty geçitleriň üsti bilen Hamasa ýaraglaryň we beýleki serişdeleriň daşalýandygyny aýdýar.