19-njy ýanwarda Ysraýyl Gazanyň günorta sebitlerini bombalady.
Şaýatlar Gaza zolagynyň günortasyndaky esasy şäher Han Ýunusda howa zarbalarynyň we ok atyşyklaryň sesleriniň eşidilendigini habar berdiler. Ysraýyl bu sebitde Palestinanyň yslamçy hereketi Hamasyň köp sanly agzalarynyň we liderleriniň ýerleşýändigini aýdýar. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Hamasy terroristiki gurama hökmünde ykrar edýär.
Bu aralykda, ABŞ Palestina döwleti esaslandyrylmazdan Ysraýylyň howpsuzlyk boýunça uzak möhletleýin kynçylyklaryny we Gazany täzeden gurmak boýunça gysga möhletleýin kynlyklaryny çözmek üçin “başga ýoluň ýokdugyny” belledi. Bu barada 19-njy ýanwarda Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mattýu Miller aýtdy.
Ol regiondaky beýleki döwletleriň howpsuzlyk kepillerini bermäge taýýar pursady, munuň Ysraýyl üçin bir mümkinçilikdigini aýtdy.