Ysraýyl goşunynyň baş wekili üçünji gün Hamasyň ýok edilip bilinmejekdigini aýtdy we bu hökümetiň bada-bat, öňküleri ýaly, palestin söweşiji toparyny ýok etmek meselesine ygrarlydygyny tassyklamagyna sebäp boldy.
Sekiz aýdan gowrak, Hamasyň 7-nji oktýabrda Ysraýyla eden görlüp-eşidilmedik hüjümi netijesinde dörän söweş yslamçy söweşijileri Gaza zolagyndan çykaryp bilmedi, ýöne uly weýrançylyk döretdi diýip, AFP habar gullugy belleýär.
“Biz Hamasy ýok bolmaga mejbur etmekçi bolýarys diýmek adamlaryň gözüne güm sepmekden başga zat däl. Eger-de biz başga bir alternatiwany tapmasak, ahyr netijede ýene Hamas bilen ýüzbe-ýüz bolarys" diýip, kontr-admiral Daniel Hagari Ysraýylyň “13-nji kanalyna” beren interwýusynda aýtdy. "Hamas ideologiýa, biz ideologiýany öldürip bilmeýäris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Bu sözler Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahuyň administrasiýasy tarapyndan tankyt edildi.
Şeýle-de, Netanýahu administrasiýasy Gazadaky hüjümiň Hamas ýeňilýänçä dowam etdiriljekdigini, bes edilmejekdigini aýtdy.