Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl harbylary palestinalylara demirgazyk Gaza barmazlygy tabşyrýar


Ysraýyl harbylary 15-nji aprelde palestinalylaryň Gazanyň demirgazygyna gaýdyp barmazlygy barada beren duýduryşlaryny gaýtalady.

Şaýatlar we saglyk işgärleri bir gün öň ysraýyl goşunlarynyň weýran bolan sebitdäki öýlerine dolanmaga synanyşan köp sanly ýaşaýja ot açyp, bäş adamy öldürendigini aýtdy.

Ysraýyl güýçleriniň bu ýere ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamasyň eden hüjüminden gysga wagt soň eden ilkinji hüjümlerinden soň, ýüzlerçe müň palestinaly demirgazykdan, öz ýaşaýan ýerlerinden kowlup çykaryldy.

XS
SM
MD
LG