Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl harbylaryň 'islendik ssenariýa taýýardygyny' aýdýar


Ysraýyl goşuny ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas toparynyň başlygynyň orunbasaryny Beýrutda öldüren zarbadan soň "islendik ssenariýa taýýardygyny" aýtdy.

Liwandaky ýokary derejeli howpsuzlyk işgäri Saleh Arouriniň janpenalary bilen birlikde, 7-nji oktýabr hüjüminden soň Hamasy ýok etmek wadasyny beren Ysraýyl tarapyndan öldürilendigini aýtdy.

Ysraýyl goşunynyň metbugat sekretary Daniel Hagari bu aýdylýanlara hiç bir düşündiriş bermedi, ýöne harbylaryň "islendik ssenariýa taýýardygyny" aýtdy.

Ysraýyl hökümeti özüniň Beýrutda öldürilen adamlar üçin jogapkär däldigini aýtdy. Emma Ysraýylyň premýer-ministriniň uly geňeşçisi bu hereketi öwdi.

Ysraýylyň howpsuzlyk geňeşçisi Mark Regew ABŞ-nyň MSNBC neşirine bu diýilýän hüjüm diňe Hamasy nyşana alandyr, Hizballany nyşana alan däldir diýip düşünýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG