Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl ýene bir Gaza hassahanasynyň golaýynda Hamasa garşy söweşýär


Ysraýyl esgerleri Gazada Hamas söweşijilerine garşy operasiýa geçirýärler.
Ysraýyl esgerleri Gazada Hamas söweşijilerine garşy operasiýa geçirýärler.

Ysraýyl güýçleri ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas toparyna garşy alyp barýan uruşlaryny 20-nji noýabrda Gazanyň demirgazygynda, müňlerçe hassanyň we ýaşaýan ýerlerinden bosan müňlerçe adamyň penalaýan hassahanasynyň töwereginde ýerleşen söweşijiler bilen dowam etdirdiler.

Iki tarapyň arasynda barýan urşa garamazdan, saglyk işgärleri ýaraly bolanlaryň bir bölegini ewakuasiýa etmegi başardylar.

Desganyň içindäki saglyk işgäri we Hamas tarapyndan dolandyrylýan Gazanyň Saglyk ministrligi bir top okunyň Indoneziýa hassahanasynyň ikinji gatyna degip, 12 adamy öldürendigini aýtdy.

Olaryň ikisi hem bu hüjümde Ysraýyly günäkärledi, emma Ysraýyl hassahanany topa tutandygy barada aýdylýanlary ret etdi.

Şu aralykda, Hamasyň lideri Ysmaýyl Haniýe Ysraýyl bilen ýaraşyk şertnamasynyň baglaşyljak pursadynyň golaýlandygyny aýdyp, 7-nji oktýabr hüjümlerinde zamun alnan 240 adamyň boşadylmagyna bolan umydy ýokarlandyrdy.

Ysraýyl zamunlary boşatmak tagallalarynyň çägindäki gepleşikleriň durumy barada hiç bir zat aýtmady.

Zamun alnanlaryň köpüsi Ysraýyl raýatlary, olaryň arasynda ýaş çagalar we garrylar hem bar. Diňe sanlyja adam boşadyldy, azat edildi ýa-da jesetleri tapyldy.

XS
SM
MD
LG