Ysraýylyň howa zarbalarynda ölen alty sany daşary ýurtly kömek işgäriniň jesetleri 3-nji aprelde Gazadan çykarylyp, öz ýurtlaryna tarap ýola salyndy.
Ysraýylyň kömek işgärleriniň ulag kerwenine edilen hüjümi “nädogry maglumat” berilmegi bilen düşündirmegi has köp sorag döretdi.
Bu ganly zarba Ysraýylyň Hamas bilen 6 aýa golaý dowam eden urşy barada edilýän tankydyň gaýtadan güýçlenmegine sebäp boldy.
Hamas ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terrorçy topar diýlip kesgitlenen gurama bolup durýar.
Üç iňlis raýaty, Polşanyň raýaty, Awstraliýanyň raýaty, Kanadanyň we Amerikanyň goşa raýatlygyna eýe bolan kömek işgärleri Bütindünýä Merkezi Aşhanasynda işleýärdi.
Olaryň palestinaly sürüjisi hem öldürildi we onuň jesedi Gazada jaýlamaklary üçin maşgalasyna berildi.