Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyla Gazadaky uruş sebäpli basyşlar artýar


Ysraýylly esgerler Gaza zolagynda
Ysraýylly esgerler Gaza zolagynda

18-nji dekabrda Ysraýyla Gazadaky asuda ilatyň arasyndaky ýitgiler we keselhanalaryň ýok edilmegi boýunça halkara basyşlar güýçlendi.

19-njy dekabrda BMG-niň howpsuzlyk geňeşinde “söweş hereketleriniň gyssagly we tutanýerli togtadylmagy boýunça” täze rezolýusiýa ses berler.

Gazadaky uruş, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terroristiki gurama hökmünde ykrar edilen Hamasyň 7-nji oktýabrdaky hüjüminden soň başlady. Ysraýylyň maglumatyna görä, Hamas jeňçileri şonda aglaba asuda ilatdan ybarat 1 müň 139 adamy öldürdi we 250 adamy zamun aldy.

Hamas tarapyndan dolandyrylýan sebitiň Saglyk ministrligi, Ysraýylyň Gazadaky kampaniýasynda 18 müň 800 adamyň öldürilendigini, olaryň aglabasynyň hem aýallar we çagalar bolandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG