Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyla hüjüm edilýär, 40-dan gowrak adam öldi, ýüzlerçe adam ýaralandy. Ýurduň çägine söweşijiler girdi


Ysraýyla Gaza zolagyndan raketa hüjümi edilýär
Ysraýyla Gaza zolagyndan raketa hüjümi edilýär

7-nji oktýabr güni irden Ysraýyla Gaza zolagyndan uly raketa zarbasy uruldy. Ýüzlerçe adam ejir çekdi, 40-dan gowrak adam öldi. HAMAS söweşijileri ýurduň çägine gelip girdiler. Ysraýyl harbylarynyň zamun alnandygy we öldürilendigi barada habarlar bar. Ysraýyl goşuny Gaza zolagyna howadan jogap zarbalaryny urýar.

Ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi, Ysraýylyň premýer-ministri bolup geçýän zatlary uruş diýip atlandyrdy we ätiýaçdakylaryň mobilizlenýändigini yglan etdi. Bolup geçýän zatlar barada gürrüň berýäris.

Zamun almalar we atyşyklar

HAMAS Ysraýyl harbylarynyň ele salnandygyny habar berdi. “Ynet” bu hereketiň 35 adamy, şol sanda ysraýyl esgerlerini ele salandygyny we olary Gaza zolagyna alyp gidendigini ýazýar. HAMAS Ysraýylyň brigada generaly Nimrod Aloniniň tussag edilendigini yglan etdi, emma bu habar beýleki çeşmeler tarapyndan tassyklanmady.

Şeýle-de, sosial ulgamlarda tussag edilen ysraýyl esgerlerini görkezýän wideolar ýaýrady. Ysraýyl häkimiýetleriniň wekilleri BBC-ä "entek bu habarlaryň dogrudygyny ýa-da däldigini barlap bilmejekdiklerini" aýtdylar.

“Al-Arabiya” teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ysraýyl we palestin toparlarynyň wekilleri zamun alnanlar barada gepleşiklere başlady.

Şeýle-de, HAMAS Ysraýylyň "Merkawa" tankyna edilen hüjümi görkezýändigi aýdylýan wideony çap etdi.

Ysraýylyň Goranyş goşunynyň aýtmagyna görä, ýaragly söweşijiler ýurduň çägine Gaza zolagyndan gelip girdiler. Goranyş edarasynyň wekili olaryň sanyny aýtmady. “Haaretz” gazetiniň habaryna görä, häzirki wagtda günortadaky ilatly ýerlerde atyşyk dowam edýär.

Ysraýyl metbugaty ýaragly adamlaryň irden “Eretz” barlag nokadyny ele geçirendiklerini ýazdy. Soňra olar Ysraýylyň günortasyndaky serhet şäherine, Sderota gelip girdiler. Ysraýyl polisiýasynyň ýörite güýçleri 21 sebitde hereket edýär. “Kan” ysraýyl obalarynyň ýaşaýjylarynyň jaýlaryň ele geçirilişi we zamun alnyşy baradaky habarlaryny berýär.

Ysraýyla edilen uly raketa hüjüminde azyndan 40 adam öldi. Ýurduň Saglyk ministrliginiň habaryna görä, 779 adam ýaralandy. Palestina metbugaty, Palestinanyň Saglyk ministrligine salgylanyp, Gaza zolagyndaky keselhanalarda hasaba alnan pidalar, 161 adamyň ölendigi, 931 adamyň ýaralanandygy barada habar berdi.

Irden ýurduň Tel Awiw, Iýerusalim ýaly esasy şäherlerinde howa hüjümi duýduryşlary ýaňlandy. Ysraýyla edilen raketa hüjümleriniň jogapkärçiligini HAMAS öz üstüne aldy. Hereketiň lideri Muhammad al Deif "duşman pozisiýalaryna we howa menzillerine" 5000-den gowrak raketanyň atylandygyny aýtdy.

Ysraýylyň Goranyş goşuny Ysraýyla atylan 2200-den gowrak raketany hasaba alandygyny aýtdy.

"Haaretz” gazetiniň habar bermegine görä, raketa hüjümi wagtynda Ysraýylyň iň uly elektrik desgasyna, “Rutenberg” stansiýasyna zyýan ýetdi. Bu desga Gaza zolagynyň serhediniň golaýynda ýerleşýär.

Gaza zolagyndan edilen hüjüme jogap hökmünde, Ysraýyl harbylary “Demir gylyç” operasiýasyny yglan etdiler. Ysraýylyň howa güýçleri Gaza zolagynda HAMAS hereketiniň 21 desgasyna: 17 sany harby desga we dört sany serkerdelik merkezine zarba urandygyny habar berdi.

Ysraýyl häkimiýetleriniň beýanatlary

Ysraýylyň goranmak ministri Ýoaw Galant "şu gün irden Hamas düýpli ýalňyşlyk goýberdi we Ysraýyl döwletine garşy urşa başlady" diýdi. Ol Ysraýylyň "bu uruşda ýeňjekdigini" aýtdy.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu raýatlara bu hüjüm sebäpli eden ýüzlenmesinde bolup geçýän wakalary uruş diýip atlandyrdy.

"Biz harby operasiýa däl-de, uruş ýagdaýynda. Hamas Ysraýyl döwletine we onuň raýatlaryna ganly we garaşylmadyk hüjüm etdi. Men ozaly ysraýylyň ýaşaýyş ýerleriniň ol ýere giren terrorçylardan arassalannmagyny buýurdym we ätiýaçdaky esgerleriň giň gerimli mobilizlenmegi barada görkezme berdim” diýip, Netanýahu aýtdy.

Ysraýylyň milli howpsuzlyk ministri Itamar Ben-Gwir tutuş ýurtda adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilýändigini yglan etdi diýip, “Haaretz” ýazýar. Ol adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň altynjü gün agşamyunda başlajakdygyny aýtdy.

Palestina awtonomiýasynyň, HAMAS-yň başlygy Mahmud Abbas “Palestin halkynyň özüni goramak hukugynyň” bardygyny aýtdy.

Halkara reaksiýasy

  • Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski: "Terrorçylyga ýüz uran islendik adam parahatçylyga garşy jenaýat edýär. Terrorçylygy maliýeleşdirýän islendik adam parahatçylyga garşy jenaýat edýär. Terrorçylygyň haýsydyr bir ýerde we ol ýa-da beýleki pursatda durmuşy bozmagyna ýa-da tapyn etmegine ýol bermezlik üçin dünýä birleşmeli we raýdaş bolmaly. Ysraýylyň özüni goramak hukugy inkär edilip bilinmze.
  • "Ukrainanyň Daşary işler ministrligi: "Ysraýyla garşy dowam edýän terrorçylyk hüjümlerini, Iýerusalimde we Tel Awiwde asuda ilata garşy edilen raketa hüjümlerini üzül-kezil ýazgarýarys. Ysraýylyň özüni we raýatlaryny goramak hukugyna goldaw bildirýäris."
  • ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell: "Biz Ysraýyldan gelip gowuşýan habarlary yza bilen yzarlaýarys. Biz HAMAS-yň hüjümlerini biragyzdan ýazgarýarys. Bu aýylganç zorluk derrew bes edilmeli. Terrorçylyk we zorluk hiç mesele çözmeýär."
  • Angliýanyň daşary işler ministri Jeýms Klewerli: "Angliýa HAMAS-yň Ysraýyl raýatlaryna eden aýylganç hüjümlerini gep-gürrüňsiz ýazgarýar. Angliýa Ysraýylyň özüni goramak hukugyny elmydama goldar."
  • Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron: "Ysraýyla garşy edilen terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýaryn. Pidalar we olaryň maşgalalary bilen doly raýdaşlygymy bildirýärin."
  • Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Adrienne Watson: "ABŞ HAMAS terrorçylarynyň Ysraýylyň raýatlaryna garşy öjükdirilmezden eden hüjümlerini biragyzdan ýazgarýar. Terrorçylygy hiç haçan aklap bolmaz".
  • Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz: "Bize bu gün Ysraýyldan elhenç habar gelip ýetdi. Gaza zolagyndan raketa atylmagy we zorlugyň möwjäp galmagy bizi gaty sarsdyrdy. Germaniýa HAMAS-yň bu hüjümlerini ýazgarýar we Ysraýyly goldaýar."
  • Çehiýanyň prezidenti Petr Pawel: "Gaza zolagyndan edilen hüjüm Ysraýyl döwletine we parahat ilata garşy elhenç terrorçylyk bolup durýar."
  • Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan: "Biz taraplaryň ählisini sabyrlylyga çagyrýarys. Olar agressiw hereketlerden saklanmalydyrlar."
  • Russiýanyň Daşary işler ministrligi taraplary haýal etmän atyşygy togtatmaga we gepleşiklere başlamaga çagyrdy. “Ýagdaýlaryň häzirki giň gerimli eskalasiýasyna, BMG-niň we Howpsuzlyk geňeşiniň degişli kararlarynyň yzygiderli ýerine ýetirilmezliginiň we Günbataryň hakykatda Russiýadan, ABŞ-dan, ÝB-den we BMG-den durýan ýakyn gündogar “kwartetiniň” işiniň öňüni baglamagynyň gönüden-göni netijesi, zorlugyň petiklenen girdabynyň nobatdaky örän howply ýüze çykmasy hökmünde baha berýäris“ diýip, DIM-niň beýanatynda aýdylýar.
  • Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrligi hem ysraýyllylar bilen palestinalylaryň arasyndaky dartgynlygyň bes edilmegine çagyrdy. DIM "görlüp-eşidilmedik ýagdaýyň ösüşine ýakyndan gözegçilik edýändigini" aýtdy.
  • Eýranyň ýokary lideriniň geňeşçisi Ali Hameneýi Rahim Sawafi HAMAS-yň Ysraýyla eden hüjümini goldady diýip, “Jerusalem Post” ýazdy. "Biz palestin söweşijilerini gutlaýarys we olara Palestina we Iýerusalim doly azat edilýänçä goldaw bereris" diýip, ol aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG