Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň Gazadaky urşuna Merkezi Aziýanyň 500-den gowrak raýaty gatnaşdy - Al Jazeera

Söweşe gatnaşan daşary ýurt raýatlarynyň arasynda Gazagystanyň 189 raýaty, Gyrgyzstanyň 52 raýaty, Türkmenistanyň 31 raýaty we Täjigistanyň 8 raýaty bar.
Söweşe gatnaşan daşary ýurt raýatlarynyň arasynda Gazagystanyň 189 raýaty, Gyrgyzstanyň 52 raýaty, Türkmenistanyň 31 raýaty we Täjigistanyň 8 raýaty bar.

Ysraýylyň Gaza zolagyndaky harby kampaniýasy mahalynda müňlerçe daşary ýurt raýaty söweş operasiýalaryna gatnaşdy diýip, "Al Jazeera" telekanalynyň analitiki synynda habar berildi.

Neşiriň maglumatyna görä, IDF-iň, Ysraýylyň goranmak güýçleriniň harby gullukçylarynyň uly böleginiň iki raýatlygy bar. Olaryň arasynda ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Britaniýanyň, Germaniýanyň, Ukrainanyň, Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bar diýip, neşir ýazýar.

Ysraýyl goşunyndaky iň uly topar (12,000-13,000) ABŞ raýatlygyna eýe bolan harby gullukçylardan ybarat. Şeýle-de, IDF-iň hatarynda Fransiýanyň we Russiýanyň 5,000-6,000 çemesi raýaty bar. Britaniýanyň, Germaniýanyň we Ukrainanyň raýatlarynyň sany 1,000-den gowrak diýlip bilinýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Ysraýylyň Gaza zolagynda alyp baran harby kampaniýasy mahalynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem ýüzlerçe raýaty Ysraýylyň tarapynda söweşdi.

Olaryň 264-si özbegistanly. Olaryň bäş millete degişlidigi aýdylýar, ýöne anyk milletleri görkezilmeýär. Şol bir wagtda, bu adamlaryň Ysraýyl raýatlygyna eýedigi bellenilýär.

Mundan başga, daşary ýurt raýatlarynyň arasynda Gazagystanyň 189 raýatynyň, Gyrgyzstanyň 52 raýatynyň, Türkmenistanyň 31 raýatynyň we Täjigistanyň 8 raýatynyň bardygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG