Ysraýylyň 2-nji aprelde Gazanyň merkezine eden howa hüjüminde ölen adamlaryň arasynda dünýä meşhur aşpez Hose Andresiň "Bütindünýä merkezi aşhanasynda" (World Central Kitchen) işleýän ýedi adam, awstraliýaly, angliýaly we polşaly raýatlar hem bar diýip, jemgyýetçilik guramasy aýtdy.
“Sowutly, “World Central Kitchen” belgisi bolan iki ulagda we başga bir ulagda barýan işçileriň içinde palestinalylar, ABŞ-nyň, Kanadanyň goşa raýatlary hem bardy” diýip, "World Central Kitchen" guramasy aýtdy.
Ediljek hereketleriň Ysraýylyň goranmak güýçleri bilen utgaşdyrylandygyna garamazdan, ulag kerweni Deir al-Balah ammaryndan çykyp barýarka, 100 tonnadan gowrak ynsanperwer azyk kömegini Gazada düşüreninden soň uruldy diýip, “World Central Kitchen” aýtdy.
"Bu diňe Bütindünýä Merkezi Aşhana garşy edilen hüjüm däl, bu azygyň uruş ýaragy hökmünde ulanylýan iň agyr ýagdaýlarynda öňe çykýan ynsanperwer guramalaryna garşy edilen hüjüm" diýip, jemgyýetçilik gurmasynyň ýerine ýetiriji müdiri Erin Gor aýtdy we "Muny bagyşlap bolmaýar" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.