Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň güýçleri Gazanyň merkezine zarba urdular


Gaza
Gaza

Ysraýylyň güýçleri Gaza zolagynyň merkezine ýer, suw we howa arkaly zarba urdy. Palestinanyň resmileri onlarça adamyň ölendigi barada habar berýär. Bu aralykda, BMG-niň saglyk edaralary müňlerçe adamyň söweş hereketlerinden gaçmaga synanyşýandygyny aýdýar.

Ysraýyl, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terroristiki topar hökmünde häsiýetlendirilýän, Hamasyň 7-nji oktýabrdaky Ysraýyla eden hüjüminden soň, bu topary ýok etmek ugrunda hereket edýär. Bu tagallalar Gaza zolagyndaky barha ýaramazlaşýan gumanitar krizisi gowşatmak we ok atyşyklary bes etmek baradaky halkara çagyryşlaryna garamazdan ilerleýär.

27-nji dekabrda giçlik saglyk işgärleriniň beren maglumatyna görä, Ysraýylyň Gazanyň merkezindäki Al Nuseirata uran zarbalary netijesinde ýedi adam heläk bolupdyr, başga-da ençemesi ýaralanypdyr.

XS
SM
MD
LG