Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň hökümeti, Gazadaky urşuň dowam edýän döwri, Al-Jazeera habar serişdesiniň ýurtdaky alyp barýan işini togtatdy. 5-nji maýdaky karar, Kataryň tele-torunyň ýurduň milli howpsuzlygyna abandyrýan howpy bilen delillendirildi.
Al-Jazeera bu ädimi “jenaýat hereketi” diýip atlandyrdy, şeýle-de habar serişdesiniň Ysraýylyň howpsuzlygyna howp abandyrýandygy baradaky aýyplamany ret etdi we ony öz žurnalistlerine wehim abandyrjak “howply we bolgusyz ýalan” diýip häsiýetlendirdi.
Hökümetiň kararyndan soň, Ysraýylyň satellit we kabel tele-üpjünçjileri Al-Jazeerany efirden kesdiler.
Aragatnaşyk ministrligi habar serişdesiniň edaralarynda reýdleriň geçirilýändigini mälim etdi.
Al-Jazeera Kataryň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär we ol Ysraýylyň Gazadaky harby operasiýalaryny tankytlaýar.