Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň howa güýçleri Gaza zolagynda ýüzlerçe nyşana zarba urdy


Gaza zolagynda ýumrulan jaýyň öňünde reaksiýa bildirýän adam. 11-nji oktýabr, 2023.
Gaza zolagynda ýumrulan jaýyň öňünde reaksiýa bildirýän adam. 11-nji oktýabr, 2023.

Ysraýylyň howa güýçleri, yslamçy Hamas toparynyň hepde ahyrynda eden giň gerimli hüjüminden soň başlan gaýtawulynyň çäginde, Gaza zolagyna edýän garşylykly hüjümlerini öten agşam hem dowam etdirdi.

Onlarça söweş uçary Al-Furkan sebitinde 200-den gowrak nyşana hüjüm etdi diýip, Ysraýylyň Goranyş güýçleri (YGG) 11-nji oktýabrda, irden aýtdy.

Bu 24 sagadyň dowamynda Gaza zolagyna edilen üçünji giň gerimli hüjümler boldy. Goranyş güýçleriniň habaryna görä, jemi 450-den gowrak nyşana zarba uruldy.

YGG-niň metbugat sekretary Jonatan Konrikus 11-nji oktýabrda Hamasyň 7-nji oktýabrda başlan hüjümleri wagtynda Ysraýylda öldürilenleriň sanynyň azyndan 1200 adama ýetendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG