Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýuliýa Timoşenko korrupsiýada güman edilýär. Partiýa edarasynda barlag geçirildi


Ýuliýa Timoşenko. Arhiw suraty
Ýuliýa Timoşenko. Arhiw suraty

Korrupsiýa garşy milli göreş býurosy we Korrupsiýa garşy göreşde ýöriteleşdirilen prokuratura Ukrainanyň Ýokary Radasynyň fraksiýalarynyň biriniň lideriniň korrupsiýada güman edilýändigini aýtdy.

Fraksiýa lideriniň hereketleri Jenaýat kodeksiniň 369-njy maddasynyň 4-nji bölegine (wezipeli adama nädogry peýda hödürlemek, wada bermek ýa-da bermek) laýyklykda kesgitlenýär.

Bu hereketleriň beýleki fraksiýalardan bolan birnäçe deputata belli bir kanun taslamalaryna "goldaw" ýa-da "garşy" ses bermek üçin nädogry peýda hödürlemek bilen baglanyşykly bolandygy aýdylýar.

Fraksiýanyň güman edilýän lideriniň ady aýdylmady. Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň "Shemalar" taslamasynyň çeşmesi bu gürrüňiň "Batkiwşina" fraksiýasyna ýolbaşçylyk edýän Ýuliýa Timoşenko bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

"Ukrainska Prawda" gazeti Kiýewdäki "Batkiwşina" ofisinde gözleg geçirilendigini habar berdi. Korrupsiýa garşy göreşde ýöriteleşdirilen prokuraturanyň metbugat wekili Olha Postolýuk "Suspilne" neşirine Timoşenko resmi taýdan şübhe bildirilendigini aýtdy.

Timoşenko partiýa ofisine 30-dan gowrak adamyň gözleg, barlag işlerini geçirmäge gelendigini tassyklady we hiç zat tapmandyklaryny, öz sözleri bilen aýdylsa, "absurd aýyplamalaryň ählisini" ret edýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG