Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

20 ýyldan gowrak wagt bäri gözlenilýän erkek Gazagystandan Özbegistana iberildi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

2002-nji ýyldan bäri gözlenilýän 48 ýaşly bir adam Gazagystandan Özbegistana ekstradisiýa edildi. Daşkent sebitiniň Içeri işler müdirliginiň maglumat gullugynyň habaryna görä, ol bilkastdan adam öldürmekde güman edilýär.

" Daşkent sebitiniň Içeri işler müdirliginiň operatiw gözleg gullugy 2023-nji ýylyň 6 aýynda jenaýatda güman edilip gözlenilýän 344 adamy ýüze çykardy" diýip, habarda aýdylýar.

Edaranyň maglumatyna görä, gözlenýänleriň köpüsi kezzapçylyk eden adamlar bolup durýar.

Mundan başga, soňky 6 aýyň dowamynda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri dereksiz ýiten 23 adamy tapdy we olary hemişelik ýaşaýan ýerlerine gowşurdy.

XS
SM
MD
LG