Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow öňki döwlet baştutany Almazbek Atambaýewi ähli hormatly atlaryndan we sylaglaryndan mahrum etmek baradaky permana gol çekdi.
Prezident administrasiýasynyň ýaýradan beýanatynda bu çäräniň Bişkek şäheriniň Birinji Maý etrap kazyýetiniň 2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda çykaran kararyna laýyklykda görlendigi aýdylýar.
Atambaýew “Gyrgyzystanyň Gahrymany” (“Gyrgyz Respublikasynyň Baatyry”) adyndan, 2-nji derejeli “Manas” ordeninden, “Danaker” ordeninden we “Dank” medalyndan mahrum edildi. Baş prokuraturanyň degişli gullugyna olary döwlet baýraklary gaznasyna geçirmek üçin konfiskasiýa etmek tabşyryldy.
Žaparow we Atambaýew geçen aý bir-birini ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan energiýa meselelerine jogapkär bolmakda aýyplady.
Häzirki prezident Atambaýýewden öň ýurduň energiýa pudagynyň krizisiň bosagasyna getirilendigini aýtdy.
Žaparowyň tassyklamagyna görä, Atambaýewiň döwlet başyna gelmegi bilen, ýurduň energetika pudagy "doly batga batyryldy" we häzir hem şol kyn ýagdaýyndan çykyp bilmän kösenýär.
Häzir daşary ýurtda ýaşaýan we öz ýurdunda gaýybana 11,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Atambaýew, häzirki döwlet baştutanynyň aýdanlaryny, şol sanda Bişkek ýylylyk elektrik stansiýasynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly korrupsiýa aýyplamalaryny ret etdi.
Ol energiýa krizisiniň öz günäsi bilen däl-de, Žaparowyň we onuň işgärlerleriniň kabul eden kararlary netijesinde dörändigini, wezipede bolan döwründe uly taslamalaryň durmuşa geçirilendigini öňe sürdi.