Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski: ABŞ, Russiýa bilen gepleşikleriň indiki tapgyry hem Şweýsariýada geçiriler

Ukrainanyň prezidenti Wolodimir Zelenski
Ukrainanyň prezidenti Wolodimir Zelenski

Ukrainanyň prezidenti Wolodimir Zelenski Ukrainanyň, ABŞ-nyň we Russiýanyň gatnaşmagyndaky üçtaraplaýyn gepleşikleriň indiki tapgyrynyň hem Şweýsariýada geçiriljekdigini yglan etdi. Ol bu maglumaty britaniýaly žurnalist Piers Morgan bilen eden söhbetdeşliginde aýtdy. Bu söhbet 18-nji fewral agşamy "YouTube" kanalynda çap edildi.

“Nygtamak isleýärin, indiki duşuşyk hem Şweýsariýada bolar. Şu günki gün mende bar bolan maglumat şular” diýip, Zelenski has jikme-jik maglumatlaryň ukrain delegasiýasy gaýdyp geleninden soň elýeterli boljakdygyny belledi. Ol gepleşikleriň anyk senesini aýtmady.

Prezidentiň sözlerine görä, gepleşikler prosesiniň Ýewropada geçirilmegi örän möhüm bolup durýar. "Eger uruş Ýewropada barýan bolsa, parahatçylyk gepleşikleri hem Ýewropada geçirilmeli" diýip, ol aýtdy.

Gepleşikleriň soňky tapgyry 17-18-nji fewralda, Ženewada geçirildi. Duşuşyklardan soň Zelenski "harby ugurda öňegidişlikleriň" bolandygyny aýtdy, ýöne syýasy ulgamda "ynjyk meseleleriň" saklanyp galýandygyny boýun aldy.

XS
SM
MD
LG