Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Daniýa we Gollandiýa wada berlen F-16-lar üçin minnetdarlyk bildirýär, Russiýa munuň urşy haz gyzdyrjakdygyny duýdurýar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we Daniýanyň premýer-ministri Mette Frederiksen F-16 söweş uçarynda otyrlar. 20-nji awgust, 2023-nji ýyl. Daniýanyň Skrydstrup howa bazasy
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we Daniýanyň premýer-ministri Mette Frederiksen F-16 söweş uçarynda otyrlar. 20-nji awgust, 2023-nji ýyl. Daniýanyň Skrydstrup howa bazasy

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Daniýanyň kanun çykaryjylaryna Kiýewiň Russiýanyň çozuşyna garşy alyp barýan goranyş tagallarynda beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirse, Moskwa Daniýanyň we Gollandiýanyň Ukrina F-16 söweş uçarlaryny bermek barada gelen kararynyň urşy hasam güýçlendirjekdigini aýtdy.

Zelenskiniň 21-nji awgustda Kopengagende aýdan minnetdarlyk sözleri Daniýa öňdebaryjy söweş uçarlarynyň 19 sanysyny Ukraina bermegi tassyklandygyny habar bereninden bir gün soň aýdyldy.

Zelenski Gollandiýanyň Ukraina 42 sany F-16 uçaryny bermek ylalaşygyna gelendigini aýtdy.

Ýöne Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte öz ýurdundaky 42 uçaryň ählisiniň peşgeş beriljekdigi ýa-da däldigi baradaky kararyň entek kabul edilmändigini aýtdy.

Ukraina günbatar hyzmatdaşlarynyň F-16 söweş uçarlaryny bermeklerini ençeme gezek haýyş etdi, bu haýyşa ilkinji bolup Daniýa we Gollandiýa jogap berdi.

Kiýew sowet döwründen galan uçarlardan durýan harby-howa güýçlerini güýçlendirmek üçin döwrebap uçarlara mätäçlik çekýändigini, garşylyklaýyn hüjüm edýän wagtynda Russiýanyň ukrain asmanyndaky düpli artykmaçlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy.

Zelenski 20-nji awgustda Gollandiýa we Daniýa F-16 kysymly söweş uçarlaryny bermek barada beren wadalary üçin minnetdarlyk bildirdi: "Biz işleýäris, Ukrainany güýçlendirýäris we Ukrainanyň howa goragy has ygtybarly bolar” diýip, ol aýtdy.

Zelenski 21-nji awgustda Daniýanyň kanun çykaryjylaryna ýüzlenip, Moskwa tarapyndan başlanan 18 aýlyk uruşda "Ukraina ýeňiş gazanmasa, Russiýanyň goňşularynyň ählisine howp abanýandygyny" aýtdy.

Zelenski biraz soň Kopengagende açyk meýdandaky uly mähellä "Biz Russiýanyň bu uruşda ýeňiljekdigine ynanýarys" diýdi.

NATO agzalary bolan Daniýa we Gollandiýa 20-nji awgustda çap eden bilelikdäki beýanatlarynda Ukraina F-16 kysymly uçarlary peşgeş bermek barada gelen kararlaryny yglan etdiler, ýöne beriljek uçarlaryň umumy sanyny görkezmediler.

Daniýa öz F-16 uçarlarynyň dört-alty aýlyk tälim okuwlaryndan, soň ýylyň aýagyna çenli eltilip bilinjekdigini aýtdy.

Rutte Zelenskiniň Gollandiýanyň howa bazasyna eden sapary wagtynda uçarlaryň eltilip beriljek wagty hakynda anyk bir zat aýtmady. Ol Gollandiýada bar bolan 42 uçaryň käbiriniň okuw maksatlary üçin zerur boljakdygyny, uçarlaryň eltiljek möhletiniň ukrain ekipažlarynyň we infrastrukturasynyň taýýarlygyna bagly boljakdygyny aýtdy.

“F-16 uçarlary bada-bat uruş tagallalaryna kömek edip bilmez. Her niçigem bolsa, bu Gollandiýanyň uzak möhletleýin borjy" diýip, Rutte aýtdy. “Biz olaryň mümkin boldugyça gysga wagtda işjeň we amaly-hereket ýagdaýynda bolmagyny isleýäris. ...Indiki aýda däl, bu mümkin bolmaz, ýöne şondan soň gysga wagtyň içinde bolar diýip umyt edýärin" diýip, ol aýtdy.

Gollandiýa bilen Daniýa günbatar koalisiýasynyň agzalary bolup, ukrain uçarmanlaryna ilki Daniýada, soňra Rumyniýada çylşyrymly F-16 uçarlarynda uçmagy öwredýärler. Zelenski Gollandiýada näçe ukrain uçarmanynyň taýýarlanjakdygyny aýtmakdan ýüz öwren hem bolsa, Daniýa geçen hepde okuwlaryň şu aýda başlajakdygyny aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary geçen hepde Daniýadaky we Gollandiýadaky amerikan uçarlarynyň, F-16 kysymly uruş uçarlarynyň Ukraina berilmegine ygtyýar berdi.

Daniýanyň Goranmak ministri Ýakob Ellemann-Jensen 21-nji awgustda “Ritzau” habar gullugyna Kiýewiň Daniýanyň we Gollandiýanyň beren F-16 kysymly uçarlaryny diňe Ukrainanyň çäginde ulanyp biljekdigini aýtdy.

"Biz ýarag peşgeşini duşmany Ukrainanyň çäginden kowup çykarmak üçin ulanmak şertlerinde edýäris. Şondan aňyrda ulanmak bolmaýar" diýip, Ellemann-Jenseniň sözleri sitirlendi. “Tanklar, söweş uçarlary ýa-da başga bir zat bolsun, şertler şol bir şertler" diýip, ol aýdypdyr.

Emma Russiýa 21-nji awgustda Daniýa bilen Gollandiýanyň Kiýewe söweş uçarlaryny bermek baradaky kararyny ýazgaryp çykyş etdi.

"Daniýanyň Ukraina 19 sany F-16 uçaryny peşgeş bermek kararyna gelmegi konfliktiň möwjemegine alyp gelýär” diýip, Russiýanyň Daniýadaky ilçisi Wladimir Barbin 21-nji awgustda “Ritzau” habar gullugy tarapyndan sitirlenen beýanatynda aýtdy.

"Parahatçylyk üçin şertleri Ukrainanyň özi kesgitlemeli diýen ýörelýäniň arkasynda gizlenip, Daniýa öz hereketleri we sözleri bilen Ukrainany Russiýa bilen harby gapma-garşylygy dowam etdirmekden başga çäresiz goýýar" diýip, Barbin aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG