Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski: Kahowka bendiniň ýykylmagy ýüzlerçe müň adamy agyz suwundan kesdi


Ýerli ýaşaýjylar
Ýerli ýaşaýjylar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 7-nji iýunda Kahowka bendi ýykylandan soň ýüzlerçe müň adamyň agyz suwundan kesilendigini aýtdy.

"Bu ýerlerde Russiýanyň çozuşyndan ozal azyndan 100 müň adam ýaşaýardy" diýip, Zelenski telegramda ýazdy.

"Şindem bu sebitde azyndan on müňlerçe adam ýaşaýar. Ýüzlerçe müň adam agyz suwuna kadaly ýagdaýda elýeterli bolman galdy. Biziň adamlara kömek edip biljek hyzmatlarymyzyň ählisi eýýäm iş başynda. Ýöne biz diňe Ukrainanyň gözegçiligindäki ýerlerde kömek edip bileris. Russiýanyň basyp alan bölegindäki basybalyjylar hatda adamlara kömek etjek hem bolmaýarlar" diýip, Zelenski aýtdy.

XS
SM
MD
LG