Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski resmileriň öz emläklerini aýan etmezligine mümkinçilik berýän kanunlara weto goýdy.
Zelenskiniň 12-nji sentýabrda öz weto hukugyny ulanmagy ukrain hökümetiniň korrupsiýanyň soňuna çykmak we ýaranlaryna korrupsiýa garşy göreşmäge ygrarlylygyny görkezmek üçin edýän tagallalarynyň arasyna gabat geldi.
Parlament geçen hepde döwlet emeldarlarynyň emläklerini aç-açan yglan etmegini talap edýän düzgüni dikeltmek üçin ses berdi, bu düzgün 18 aýlap, Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanan hüjüminden bäri ulanylmaýardy. Ýöne geçen hepde geçirilen ses berişlik emläkler baradaky maglumatlaryň ýene bir ýyl halka ýapyk saklanmagyna mümkinçilik berýän kanun böwşeňliklerini galdyrdy.
Zelenski Telegramda ýerleşdirilen wideosynda emläkler baradaky jarnamalaryň “bir ýyldan däl-de, derrew aç-açan bolmalydygyny”aýtdy.
Korrupsiýa garşy kampaniýa alyp barýan tanymal aktiwist Witaliý Şabunin Telegramda Zelenskiniň wetosynyň raýat jemgyýeti üçin "ýeňiş" bolandygyny aýtdy.
Günbatar ýaranlary milliardlarça dollarlyk ýarag, ynsanperwer kömeginiň we hökümet goldawynyň Kiýewiň rus çozuşyna garşy göreşine nähili goldaw berýändigine ýakyndan syn etdiler. Uruş sebäpli ukrain ykdysadyýeti çökdi we daşardan berilýän maliýe goldawy hökümetiň işini dowam etdirmeginiň ýeke-täk daýnjyna öwrüldi.
Emma emeli ýagdaýda çişirilen azyk we harby eşik bahalary ýa-da harby gulluk merkezlerinde ornaşan parahorluk ýaly meseleler barada berilýän habarlar köpelmese, azalmady.
Uruş başlanaly bäri goranmak ministri bolan Oleksi Reznikowyň geçen hepde wezipesinden çekilmegi käbir derejede Zelenskiniň daşarky aladalary gowşatmak üçin gören çäresi bolup göründi. Resnikowyň ýerine ozal döwlet emläk gaznasyna ýolbaşçylyk eden we ukrainalylary ruslaryň basyp alan ýerlerinden ewakuasiýa etmekde möhüm rol oýnan Rustem Umerow goranmak ministri wezipesine bellenildi.
Ak tamyň ýokary derejeli resmisi Jeýk Saliwan 2-nji sentýabrda Waşingtonda, Ukrainanyň korrupsiýa garşy göreş tagallalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin, bu ýurduň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri we korrupsiýa garşy resmiler bilen duşuşdy.
Halkara Walýuta gaznasy jemgyýetçilik aktiwleriniň deklarasiýalarynyň 15,6 milliard dollarlyk kömek bukjasynyň bir bölegini geçirmek üçin esasy ugurnama bolandygyny aýtdy.
Ukraina rus güýçlerine garşy alyp barýan üç aýlyk garşylykly hüjüminiň ortasynda iki frontda, günorta Zaporižýa sebitinde we gündogarda, Donetsk sebitiniň weýran bolan Bahmut şäheriniň töwereginde öňe dyzaýar.
Azow deňziniň kenaryna çykmaga çalyşýan ukrain güýçleri, Russiýanyň giň gerimli goranyşynyň käbir böleklerini kem-kemden bozup, haýallyk bilen öňe hereket edýärler.
Şu aralykda Russiýa Ukrainany iň uly atom elektrik stansiýasynyň ýerleşýän şäherine hüjüm etmekde aýyplady.
Döwlet eýeçiligindäki energiýa kompaniýasy “Rosatom” Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasynyň ýerleşýän şäherine, Enerhodara birnäçe dron hüjüminiň gurnalandygyny, emma olaryň ýa urlup ýykylandygyny, ýa-da hiç hili zyýan ýetirmändigini aýtdy.
Uruşdan ozal Ukrainanyň köp bölegini elektrik energiýasy bilen üpjün eden zawod rus goşunlarynyň çozuşyndan gysga wagt soň Russiýanyň gözegçiligine geçdi.
Ukrain häkimiýetleri bu aýdylýanlara hiç hili düşündiriş bermedi.
"Rosatomyň" başlygy Alekseý Lihaçýow Enerhodara edilen dron hüjüminiň Russiýanyň Zaporižýa sebitinde we beýleki üç sebitde gurnan saýlawlaryna jogap bolandygyny aýtdy. Halkara gözegçileri bu saýlawlary galp diýip atlandyrdylar we olaryň ne adalatly, ne-de azat bolandygyny aýtdylar.
Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok 11-nji sentýabrda Kiýewe eden sapary wagtynda Ukrainanyň korrupsiýa garşy göreş meselesinde entek "uly ýol geçmelidigini" aýtdy.
Forum