Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 4-nji fewralda, meşhur harby serkerdesini işden aýyrmaga taýynlanýandygy baradaky habarlaryň arasynda, öň hatara sapar edip, watan goragçylaryny sylaglady.
Moskwa tarrapyndan bellnen resmiler bolsa, Russiýa tarapyndan basylyp alnan ýerde, Lisiçanskdaky bina edilen hüjümden soňky gözleg-halas ediş işleriniň geçirilendigini aýtdy. Bu ýerde ölenleriň sany 28 adama ýetdi.
"Şu gün sizi sylaglamak üçin bu ýerde bolamgyň uly hormatyna eýe boldum, sebäbi siziň gerdeniňizde şeýle kyn we aýgytly wezipe bar, bu duşmany basyp ýatyrmakdan we bu söweşde ýeňiş gazanmakdan ybarart" diýip, Zelenski 4-nji fewralda Robotine, Zaporižýe sebitiniň günortasyndaky oba eden saparynda esgerlere ýüzlenip aýtdy.
Zaporižýa sebitiniň günortasyndaky oba ukrain güýçleriniň geçen ýyldaky garşylyklaýyn hüjüm döwründe gazanan üstünlikleriniň biri bolup durýar.
Prezident edarasy Zelenskiniň 450 adam çemesi ilaty bolan Robotinede, bu ýere edilem hüjümiň öňüni çeken 65-nji aýratyn mehanizmleşdirilen brigadasynyň goşunlaryna medal gowşurýan wideosyny çap etdi.
Zelenski ol ýerde bolanda bir wagtlar Russiýa tarapyndan alnyp gaçylan resmini, häzir basylyp alnan Melitopolyň häkimi Iwan Fedorowy Ukrainanyň Zaporižýa sebitiniň başlygy wezipesine belledi.
Fedorow 2022-nji ýylyň martynda, rus goşunlary bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwreninden soň alnyp gaçyldy we ol ýerdäki protestlere, Zelenskiniň onuň gyssagly ýagdaýda boşadylmagyny talap etmegine sebäp boldy. Ol şondan bäş gün soň boşadyldy.
Ýurduň ýokary derejeli harby serkerdesi, general Waleriý Zalužnyny işden gyraklatmakçy bolýandygy baradaky habarlaryň arasynda, Zelenski barha güýçlenýän syýasy tupan bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Pikir soramalary Zalužniniň Zelenskiden has meşhur bolmasa, pes däldigini görkezýär, käbir bilermenler Zelenskiniň Zalužnyny çetleşdirmeginiň ukrain esgerleriniň bir bölegini ruhdan düşürmeginden we milli jebisligi gowşatmagyndan howatyr edýär.
Zelenskiniň edarasy Zalužniniň wezipesi baradaky niýetini resmi taýdan aýan etmedi, ýöne habar serişdeleri prezidentiň ABŞ ýaranlaryna ýakyn wagtda boljak üýtgeşmeler barada habar berendigini aýdýarlar.
Zelenski 4-nji fewralda italiýan teleýaýlymynda eden çykyşynda anyk bir zat aýtman, diňe bir harby bölümde däl, "birnäçe döwlet liderini çalyşmak" barada pikir edýändigini aýtdy.
"Bu Ukraina ýolbaşçylyk etmeli adamlaryň meselesi" diýip, ol RAI teleýaýlymynyň Zalužniniň işden boşadyljakdygy baradaky habarlar barada beren soragyna jogap berende aýtdy.
Şu aralykda, Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň metbugat sekretary Russiýanyň basyp alan Lisiçansk şäherinde bir bina edilen ganly hüjümiň bolan ýerindäki gözleg-halas ediş işleriniň tamamlanandygyny aýtdy.
Halas edijiler 4-nji fewralda gündogar Ukrainadaky binanyň harabalyklaryndan has köp jesedi çykardylar, şeýlelikde, görnetin artilleriýa zarbasynda ölenleriň sany 28-e ýetdi.
Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi Telegrammda çap eden hatynda binanyň harabalygyndan tapylan jesetleriň arasynda bir çaganyň hem bardygyny, bu binany çörek dükanyny we restorany hem öz içine alandygyny aýtdy. 10 adam halas edildi.
Bu aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda barlap bolmady.
Forum