Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Kiýewiň Russiýanyň haýryna öz topraklaryndan ýüz öwürmäge “moral taýdan hiç hili hakynyň” ýokdugyny aýtdy. Bu aralykda, ABŞ ylalaşykly çözgüt tapmak ugrunda tagalla edýär.
“Ukrainanyň kanunçylygyna, konstitusiýamyza ýa-da halkara hukugyna görä biziň beýle zady etmäge hiç hili kanuny hukugymyz ýok. Şeýle hem biziň moral taýdan hem hiç hili hakymyz ýok” diýip, Zelenski 8-nji dekabrda geçirilen onlaýn brifingde Kiýewiň territoriýalaryndan ýüz öwürmek meselesini ara alyp maslahatlaşýarmy diýen soraga beren jogabynda belledi.
“Elbetde, Russiýa biziň territoriýalarymyzdan ýüz öwürmegimizi talap edýär. Biz bolsa asla hiç zatdan el çekmek islemeýäris. Biz şu sebäpli söweşýäris” diýip, ol aýtdy.
Zelenski ABŞ-nyň parahatçylyk boýunça ilki başdaky teklibi barada çykyş edip, onuň 20 madda çenli gysgaldylandygyny we Ukraina garşy aç-açan mazmunly maddalaryň ondan çykarylandygyny mälim etdi.
“Ilki 28 madda bardy, indi bolsa 20. Gönüden-göni Ukraina garşy maddalar aýryldy. Amerikalylar, prinsipde, kompromisiň tapylmagynyň tarapynda. Elbetde, territoriýa bilen bagly çylşyrymly meseleler bar. Ol ýerde häzirlikçe hiç hili kompromis tapylanok” diýip, Zelenski aýtdy.
Ukrainanyň prezidenti 8-nji dekabrda Londonda Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Germaniýanyň kansleri Friedrich Merz bilen geçiren duşuşygynyň yzýany X sosial ulgamynda çap eden beýanatynda, “ABŞ bilen kontaktlarymyz we häzirki wagtda stoluň üstündäki ähli teklipler boýunça edilýän işler barada olara maglumat berendigini” ýazdy.
“Ähli resminamalar boýunça, şol sanda umumy parahatçylyk çarçuwasy, howpsuzlyk kepillikleri we uruşdan soňky dikeldiş boýunça bilelikde işlemegimiz örän möhümdir” diýip, ol sözüne goşdy.
“Ukrainanyň ykbaly – Ýewropanyň ykbalydyr” diýip, Germaniýanyň kansleri Friedrich Merz sosial mediada ýazdy. “Biziň goldawymyz egsilmez, muňa hiç kimiň şübhesi bolmasyn” diýip, ol sözüne goşdy.
Zelenski Brýusseldeki nobatdaky duralgasynda NATO-nyň başlygy Mark Rutte, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Laýen we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Antonio Kosta bilen hem duşuşdy.
“Parahatçylyk gepleşikleri dowam edýän mahaly ÝB Ukrainany goldamak boýunça tutumyny “demir ýaly berk” saklaýar. Biziň maliýe tekliplerimiz stoluň üstünde” diýip, fon der Laýen ukrain prezidenti bilen duşuşykdan soň aýtdy.
“Maksadymyz güýçli Ukrainadyr, söweş meýdanynda-da, gepleşik stolunyň başynda-da” diýip, ol X ulgamynda ýazdy.
“Ukrainanyň özygtyýarlygyna hormat goýulmaly. Ukrainanyň howpsuzlygy uzak möhletde, Bileleşigimiziň birinji goranyş liniýasy hökmünde, kepillendirilmelidir” diýip, ol aýtdy. “Ýewropa Ukrainanyň adalatly we uzak möhletleýin parahatçylygyna ýetmek boýunça ähli tagallalara goşant goşmagyny dowam eder” diýip, ol sözüne goşdy.
Zelenskiniň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, onuň Ýewropa saparynyň çäginde ukrain prezidenti 9-njy dekabrda Rime baryp, rim papasy Leo XIV we Italiýanyň premýer-ministri Giorgia Meloni bilen duşuşar, emma goşmaça jikme-jiklikler mälim edilmedi.
Forum