Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski: Tramp urşy soňlamakda 'aýgytly' bolup biler

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski 2-nji ýanwarda bir telewizion söhbetdeşliginde ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampyň ‘öňünden çaklanyp bilinmezliginiň’ Russiýa bilen urşy soňlamaga ýardam berip biljekdigini aýtdy.

20-nji ýanwarda inaugurasiýasyna garaşylýan Tramp bu çaknyşygy özüniň işe girişmeginden soň 24 sagadyň içinde soňlap biljekdigini aýtdy. Ukraina we beýleki ýewropa ýurtlary bu öňe sürmä şübhe bilen çemeleşip gelýärler hem-de Tramp tarapyndan hödürlenjek ylalaşygyň Ukrainany, parahatçylygyň öwezine, Russiýa territorial çäklerini bermäge mejbur edip biljekdigini aýdýarlar.

Zelenski rus prezidenti Wladimir Putiniň Trampdan gorkýandygyna özüniň ynanýandygyny, hem-de Trampyň urşy soňlamakda ‘aýgytly’ bolup biljekdigini aýtdy.

“Ol örän güýçli we öňünden çaklap bolmasyz we men çynym bilen prezident Trampyň öňünden çaklanylyp bilinmezliginiň Russiýa täsirini görmek isleýärin” diýip, Zelenski ukrain telewideniýesine beren interwýusynda aýtdy.

Şeýle-de, ol Tramp bilen arada bolup geçen soňky söhbetdeşlikleriniň birinde onuň inaugurasiýadan soňra geçirjek ilkinji ýygnaklarynyň biriniň Zelenski bilen boljakdygyny wada berendigini hem aýtdy.

Ukrain lideri Tramp ABŞ-nyň harby ýardamlaryny ýuwaşadyp, ýa-da düýbünden togtadyp biler diýen aladalaryň arasynda, onuň bilen gatnaşyk açmaga çalyşýar. Zelenski geçen aýda Tramp bilen Parižde duşuşyp urşy ara alyp maslahatlaşdy we bolup biljek ýaraşyga esewan etmek maksady bilen ýewropaly parahatçylyk güýçleriniň ýerleşdirilmegi baradaky pikirler hem, habar berilmegine görä, bu ýygnakda gün tertibine getirilipdir.

Zelenski Fransiýanyň ýaraşyga kepil boljak parahatçylyk güýçleriniň ýerleşdirilmegi baradaky pikirleri özüniň goldaýandygyny aýtdy, ýöne “Fransiýanyň ýeke özi ýeterlik däl” diýip, munuň NATO ýaranlygyna goşulmakda bir ädim bolmalydygyny nygtady.

“Biz bu başlangyjy goldaýarys, ýöne eger bu başlangyja bagly bolsa, biz munuň bir ýa-da iki döwlet bolmagyny islemeýäris. Bu, hökmany suratda, NATO ýaranlygyna barýan ýol bolmaly” diýip, Zelenski aýtdy.

Ýewropa güýçleriniň Ukrainada bolmagy baradaky pikirler bu barada heniz aç-açan gürrüň etmedik käbir ýurtlar tarapyndan goldanýar diýip, Zelenski aýtdy. Ýöne heniz jikme-jiklik ýok, galyberse-de, “göz üçin” birnäçe müň esgeriň iberilmegi işe ýaramaz diýip, ol aýtdy. Harby deňiz güýçleri we howa güýçleri goldawlary hem hökman bolmaly diýip, ol belledi.

Milliard dollarlyk ýarag. Ukraina nähili ýaraglar toplumy berilýär?

AT4 tanka garşy ulanylýan ýarag

Ukrainanyň harby hünärmenleri bu ýaragyň snarýady üçin, FPV dronlarynda ulanylýan özleri tarapyndan üýtgedilen raketalary peýdalanyp bilýärler.

Egniňde goýup, tanka garşy atylýan ýarag 1970-nji ýyllarda Şwesiýada taýýarlanyldy we 1980-nji ýyllarda ABŞ-nyň goşuny tarapyndan kabul edildi.
1/8 AT4 tanka garşy ulanylýan ýarag

Ukrainanyň harby hünärmenleri bu ýaragyň snarýady üçin, FPV dronlarynda ulanylýan özleri tarapyndan üýtgedilen raketalary peýdalanyp bilýärler.

Egniňde goýup, tanka garşy atylýan ýarag 1970-nji ýyllarda Şwesiýada taýýarlanyldy we 1980-nji ýyllarda ABŞ-nyň goşuny tarapyndan kabul edildi.
HAWK uçarlara garşy raketa ulgamy

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 30-njy dekabrda çap eden beýanatynda, bu täze ýarag toplumy anyklaşdyrylman, diňe "howa goranyş ýaraglaryna" degişli diýilýär. Ýöne AP gullugy Kiýewiň HAWK ulgamlary bilen üpjün edilendigini aýdýar.

HAWK ulgamy ABŞ-nyň ýaragly güýçlerine ilkinji gezek 1959-njy ýylda berlipdi. Maglumatda aýdylyşyna görä, bu köne raketalar Eýran tarapyndan öndürilýän, çaltlygy onçakly ýokary bolmadyk, ‘Şahed’ dronlaryny ýok etmekde netijeli saýylýar.
2/8 HAWK uçarlara garşy raketa ulgamy

Ýokary çaltlykda hereket edip bilýän HIMARS artilleriýa ulgamy

Berlen ýardam toplumynda HIMARS üçin raketalar bolar. Ukraina iberilýän HIMARS goýberijileriniň üpjünçiligi barada, doly bir zat aýdylmaýar.

3/8 Ýokary çaltlykda hereket edip bilýän HIMARS artilleriýa ulgamy

Berlen ýardam toplumynda HIMARS üçin raketalar bolar. Ukraina iberilýän HIMARS goýberijileriniň üpjünçiligi barada, doly bir zat aýdylmaýar.

El granatlary

Ukrainadaky uruşda el granatlary garşydaşyň garymlaryna hüjüm edilende, edil dronlar ýaly giňden ulanylýar.

4/8 El granatlary

Ukrainadaky uruşda el granatlary garşydaşyň garymlaryna hüjüm edilende, edil dronlar ýaly giňden ulanylýar.

Stinger raketalary

2022-nji ýylyň fewralynda Russiýanyň doly möçberli çozuşlary başlanandan bäri, ABŞ we beýleki ýurtlar tarapyndan, Ukraina müňlerçe eginde goýup atylýan uçara garşy raketa iberildi. Şol ýylyň maý aýyna çenli Waşington Ukrainany Amerikan Stinger gorlarynyň dörtden bir böleginden gowragy bilen üpjün etdi.
5/8 Stinger raketalary

155-mm we 105-mm-lik artilleriýa snarýadlary

Bu ölçegdäki oklar NATO tarapyndan Ukraina berlen ýüzlerçe günbatar gaubisalaryna – özi ýöreýän toplara laýyk gelýär. Top oklarynyň ýetmezçiligine we olaryň häzirki möçberde öndürilişine laýyklykda, şu günki günde her 155-mm snarýadynyň bahasyny 8400 dollara durýar.
6/8 155-mm we 105-mm-lik artilleriýa snarýadlary

Bu ölçegdäki oklar NATO tarapyndan Ukraina berlen ýüzlerçe günbatar gaubisalaryna – özi ýöreýän toplara laýyk gelýär. Top oklarynyň ýetmezçiligine we olaryň häzirki möçberde öndürilişine laýyklykda, şu günki günde her 155-mm snarýadynyň bahasyny 8400 dollara durýar.
TOW tanka garşy raketalar

Ulaglaryň üstünde ýerleşdirilýän TOW raketalary Ukrainadaky Orsýetiň bronly tehnikasyny netijeli ýok etmekde, özüni eýýäm mälim etdi.
7/8 TOW tanka garşy raketalar

Ulaglaryň üstünde ýerleşdirilýän TOW raketalary Ukrainadaky Orsýetiň bronly tehnikasyny netijeli ýok etmekde, özüni eýýäm mälim etdi.
Javelin raketalary

Ilkibaşda bu hili raketalara rus galkanly tehnikasyna garşy esasy ýarag hökmünde garalýardy. Emma Javeliniň bahasyny göz öňünde tutup, onuň her biri 200 müň dollardan gowrak, olaryň ornuna has arzan bolan FPV dronlary ulanylyp başlandy. Amerikada bar bolan Javelin gorlarynyň ýarysy, ýagny 25 müňe golaý raketa 2022-nji ýyldan bäri Ukraina iberilýär.

30-njy dekabrda yglan edilen harby kömekler toplumynyň köpüsi anyklaşdyrylman, oňa "maksatlaýyn üpjünçilik, egin-eşikler we ýörite enjamlar", şeýle hem "hyzmatlar, tälim bermek we ulag hyzmaty" girýär diýlip mälim edildi.
8/8 Javelin raketalary

Previous slide
Next slide

Russiýa çaknyşygy soňlamak boýunça islendik ylalaşygyň bir bölegi hökmünde Günbataryň parahatçylyk güýçleriniň Ukraina ýerleşdirilmegine garşy çykýar diýip, daşary işler ministri Sergeý Lawrow şu hepdäniň başlarynda aýtdy.

Lawrow 30-njy dekabrda çap edilen interwýusynda Moskwanyň bu pikir bilen hem-de Tramp tarapyndan hödürlenýän beýleki teklipler bilen, şol sanda Ukrainanyň NATO ýaranlygyna agzalygynyň 20 ýyl yza süýşürilmegi bilen ‘ylalaşmaýandygyny’ aýtdy.

Zelenski aýaly Olena Zelenska bilen bilelikde beren telewizion interwýusynda 2024-nji ýylda harbylar tarapyndan gazanylan möhüm ýeňişler, şol sanda ruslaryň Harkow, Sumy we Zaporožiýa sebitlerini basyp almak meýilnamalarynyň ýeňlişe sezewar edilmegi we Russiýanyň Kurs sebitine girilmegi barada hem gürrüň berdi.

Ol Russiýanyň frontda alyp barýan üznüksiz hüjümleriniň arasynda ukrain goşunynyň ýadaw bolandygyny kabul etdi, ýöne harbylar ‘ýanwarda fronty kadalaşdyrmak üçin ähli zady ederler’ diýip, munuň garaşylýan ýarag ýardamlarynyň gelip gowuşmagy bilen hem-de daşary ýurtlarda türgenleşik geçýän ukrain harbylarynyň ýurda dolanmagy bilen hötdesinden gelinjekdigini wada berdi.

Zelenski uruş sebäpli yza süýşürilen saýlawlar barada berlen soraglara jogap berip, özüniň ikinji möhlete dalaş edip-etmejekdigini bilmeýändigini, ýöne prezident we parlament saýlawlarynyň harby ýagdaý tamamlanandan soňra geçirilip bilinjekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Eger Ukraina urşuň gyzgyn tapgyryny güýçli pozisiýada soňlamagy başarsa, ol munuň hatda 2025-nji ýylda hem bolup biljekdigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG