Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Ukrainanyň Russiýa garşy has kän çäre görjekdigini aýdýar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý we Awstriýanyň Milli Geňeşiniň prezidenti Wolfgang Sobotka bilen görüşýär. Kiýew, 2023-nji ýylyň 26-njy sentýabry
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý we Awstriýanyň Milli Geňeşiniň prezidenti Wolfgang Sobotka bilen görüşýär. Kiýew, 2023-nji ýylyň 26-njy sentýabry

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ukrain güýçleriniň gündogar Donetsk sebitinde rus goşunlaryna garşy alnyp barylýan söweşde üstünlik gazanýandygyny aýtdy. Bu beýanat Moskwanyň öten agşam Ukrainanyň günortasyndaky Nikopol we Herson sebitlerine täze artilleriýa hüjümlerini edip, parahat ilaty ýaralap, öýlere we infrastruktura zyýan ýetiren wagtynyň yz ýanyndan edildi.

"Biz Donetsk ugrunda öňe süýşýäris" diýip, Zelenski harby işgärler bilen geçirilen wideoşekilli söhbetdeşlikden soň aýtdy we günortada bölekleýin azat edilen Herson sebitindäki ýagdaýlar barada maglumat alandygyny sözüne goşdy. Bu ýer Russiýa tarapyndan aýlap topa tutulýar.

"Ruslar öz [artilleriýalarynyň] baryp biljek ýerlerinde terrorçylygy dowam etdirýärler" diýip, prezident aýtdy.

Herson sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleksandr Prokudiniň 27-nji sentýabr güni irden telegramda aýtmagyna görä, soňky bir gün içinde sebitde ruslaryň atýan top oklary netijesinde 12 adam ýaralandy.

Nikopol sebitinde ruslaryň atan toplaryndan iki adam ýaralandy diýip, Dnipropetrowsk sebitiniň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Lysak 27-nji sentýabrda telegramda habar berdi.

"Duşman gije Myriwska Hromadany we [Nikopol şäheriniň] özüni agyr artilleriýa okuna tutdy" diýip, Lysak iki adamyň ýaralanandygyny we keselhana ýerleşdirilendigini, olaryň saglygynyň ortaça ýagdaýdadygyny ýazdy. Şeýle-de, ol hüjüm wagtynda iki gatly binanyň ot-ýalna gaplanandygyny, halas edijileriň ýetişip, ýangyny söndürendiklerini aýtdy.

Ukrain goşunynyň baş ştaby gündelik hasabatynda ukrain güýçleriniň gündogardaky Bahmut şäherine we Melitopolyň günortasyna tarap hüjüm edýändigini we frontda soňky 24 sagadyň dowamynda jemi 26 töweregi ýakyn söweş çaknyşygynyň bolandygyny aýtdy.

Russiýa Odesa sebitinde galla eksporty üçin ulanylýan desgalara ýene bir gezek zarba urup, ýerli ilatyň ejir çekmegine we zyýan görmegine sebäp boldy diýip, ukrain resmileri 26-njy sentýabrda aýtdylar.

Geçen hepde Russiýanyň Gara deňiz flotunyň baş edarasyna urlan raketa zarbasyndan soň, prezident Wolodymyr Zelenski Russiýanyň garşysyna täze çäreleriň görüljekdigini aýtdy. Kiýew Russiýanyň Gara deňiz flotunyň binasyna urlan zarbada rus harby-deňiz güýçleriniň baş serkerdesi bilen birlikde, otuzdan gowrak ofiseriň öldürilendigini aýtdy.

"Biz Russiýa, terrorçylyk mümkinçilikleriniň artmagynyň öňüni almak üçin, haýsy ugurlardan edilýän basyşy güýçlendirmelidigini açyk-aýdyň görýäris" diýip, Zelenski 26-njy sentýabrdaky gijeki wideo ýüzlenmesinde aýtdy. “Sanksiýalar ýeterlik däl” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de, ol Russiýanyň harby senagatynda geçirilen seljermäniň Moskwa edilýän basyşyň ýokarlandyrylmalydygyny görkezýändigini aýtdy.

Ukrain goşuny şu gün irden 26-njy sentýabrda Donetsk sebitindäki howa zarbalarynyň we Bahmutyň töwereginde söweşleriň arasynda 20 söweş çaknyşygynyň bolandygyny aýtdy.

Günüň dowamynda Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitinde ýerleşýän Klişçiýiwka obasynyň golaýyna howa zarbasy uruldy diýip, baş ştabyň hasabatynda bellenýär.

Ukrain goşunlary şu aýyň başynda, gündogardaky simwoliki şäheri, Bahmuty azat etmek tagallalarynyň bir bölegi hökmünde, Klişçiýewkany yzyna alan ýaly göründiler. Ukrain goşuny 26-njy sentýabrda öz güýçleriniň söweşe gaplanan şäheriň töwereginde "berk goranyşda" bolandygyny aýtdy.

Mundan başga, ukrain goşunlary Sewerni şäherçesiniň günorta-gündogaryndaky rus hüjümlerini we Donetsk sebitiniň Marýinka töweregindäki duşman hüjümlerini "üstünlikli" yzyna serpikdirdi diýip, baş ştab aýtdy.

Baş prokuratura Russiýanyň Harkow sebitini topa tutandygyny habar berdi. Deslapky maglumatlara görä, 64 ýaşly bir raýat ýaralandy we keselhana ýerleşdirildi diýip, baş prokuratura ýaşaýyş jaýlaryna, söwda binalaryna we awtoulaglara hem zyýan ýetendigini aýtdy.

Şu aralykda rus häkimiýetleri telegramda 27-nji sentýabr güni irden Krym köprüsindäki awtoulag gatnawynyň gysga wagtlyk togtadylandygyny aýtdylar.

Bu hili çäre köplenç Ukrainanyň pilotsyz uçar ýa-da raketa hüjümleri sebäpli görülýär. Emma köpri gatnawy gysga wagt içinde gaýtadan açyldy we häkimiýetler şondan soň iki tarapda-da ulag dykynynyň ýokdugyny aýtdylar.

Forum

XS
SM
MD
LG