Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Eýranyň hüjümlerine sezewar bolan sebit ýurtlarynyň liderlerine ýüzlenip, olar Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini Ukrainada azyndan bir aýlap atyşlygy bes etmäge razy etseler, Eýranyň dronlaryny tutmak üçin ukrain hünärmenlerini Ýakyn Gündogara ibermek teklibini etdi.
Ol bu teklibi “Bloomberg News” agentligine beren interwýusynda etdi.
Ukrain lideriniň sözlerine görä, Orsýetiň Ukraina garşy alyp barýan giň gerimli urşunyň dört ýyly Kiýewe dronlary tutmakda özboluşly tejribe toplamak mümkinçiligini berdi, ol dronlaryň köpüsi Eýranyň öndürýän “Şahid” dronlary bolup durýar.
Eýran häzirki wagtda bu dronlary Birleşen Arap Emirliklerine, Katara we Saud Arabystanyna hüjüm etmek üçin ulanýar.
“Men şulary teklip ederdim: Ýakyn Gündogar liderleriniň Orsýet bilen arada gowy gatnaşyklary bar” diýip, Zelenski aýtdy. “Olar ruslaryň atyşygy bir aýlyk bes etmegini haýyş edip bilerler”.
Ol ýaraşyk baglaşylsa, Ukrainanyň "iň gowy dron tutujylaryny Ýakyn Gündogar ýurtlaryna iberjekdigini" aýtdy.