Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski ýylyň jemleri boýunça metbugat ýygnagyny geçirer


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski 19-njy dekabrda ýylyň jemleri boýunça metbugat ýygnagyny geçirer. Russiýanyň Ukrainadaky rehimsiz çozuşy üçünji ýylyna gadam basmaga golaýlaýar.

Russiýanyň tutuş ýurduň üstüne, şol sanda paýtagt Kiýewe edýän dron we raketa hüjümleriniň arasynda berk howpsuzlyk çäreleriniň astynda geçirilýän metbugat ýygnagy, habar berilmegine görä, ýerli wagt bilen gijöýlän sagat 6-da başlanar.

Zelenski soňky sapar 24-nji fewralda – Russiýanyň Ukrainadaky giň gerimli çozuşynyň ýyl dönüminde – metbugat ýygnagyny geçiripdi.

Metbugat maslahaty Zelenskiniň ukrain halkynyň arasynda bir döwür "arşa çykan" abraýynyň ymykly aşaklaýan wagtynda geçirilýär. Zelenski we Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň baş serkerdesi general Waleriý Zalužni bilen arada habar berilýän “tapawutly garaýyşlar” hem-de tomus aýlarynda girişilen heýjanly garşylyk hüjümleriniň yzysüre söweş meýdanynda möhüm öňe gidişligiň “gazanylmazlygy” bilen baglylykda Zelenskiniň abraýy pese gaçýar.

Kiýew Halkara sosiologiýa instituty (KIIS) tarapyndan geçirilen pikir soraşygyň netijelerine görä, Zelenskiniň tassyklanma derejesi, abraýy geçen ýylyň dekabrynda 84 göterim bolanlygyndan, şondan bir ýyl soňra 62 göterime düşüpdir, harbylara bolan ynanç bolsa 96 göterimliginde üýtgewsiz galypdyr.

Şeýle-de, metbugat ýygnagy Ak tamyň Kiýewe şu aý has köp harby ýardam bermegi meýilleşdirýändigini aýdýan wagtynda hem-de Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň Ukrainanyň maliýeleşdirilmegini berkitmek üçin 4,3 milliard ABŞ dollary möçberinde kapital artdyrmasyny tassyklaýan pursadynda geçirilýär.

Ak tam 18-nji dekabrda şu ýylyň tamamlanmagyndan öň, Ukraina goşmaça harby ýardam ibermegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Ýöne Ak tam bu ýardamlaryň “özüniň ygtyýarlyklarynyň çäginde” boljakdygyny we goşmaça maliýeleşdirmeler üçin “Kongresiň haýal etmän hereket etmeginiň zerurdygyny” aýtdy. Meýilleşdirilýän maliýe ýardamlarynyň möçberi aýan edilmedi.

Prezident Jo Baýden Ukraina, Ysraýyl we serhet howpsuzlygy üçin 100 milliard dollar möçberinde gyssagly maliýe haýyşyny kabul etdirmek üçin kanun çykaryjylary – esasan respublikanlary – ynandyrmaga çalyşýar. Bu maliýe serişdesiniň 61 milliard dollar möçberi Ukraina goýberilýär.

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky 19-njy dekabrda öz geňeşiniň Ukraina üçin 4,3 millard ABŞ dollary möçberinde maýa goýum artdyrmasyny tassyklandygyny yglan etdi.

Ýewropanyň ösüş we dikeldiş bankynyň taryhynda üçünji gezek amal edilýän bu artdyrma Ukrainada dikeldiş işleri başlananda bankyň Ukrainadaky inwestisiýalarynyň möçberlerini iki esse artdyrmagyna mümkinçilik berer.

Ýewropanyň ösüş we dikeldiş banky soňky otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Ukrainada iň iri institusional inwestor boldy. Bu bank, Russiýanyň 2022-nji ýyldaky çozuşy başlanaly bäri, Ukraina berýän maliýe hemaýatyny ep-esli artdyryp, 2022-2023-nji ýyllar aralygynda bu ýurda 3,3 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesini bölüp berdi.

Söweş meýdany barada aýdylanda, Ukrainanyň Howa güýçleri 19-njy dekabrda günbatar Hmelnytskiý sebitiniň Starokostyantyniw etrabynda öten agşam özüniň iki rus pilotsyz uçaryny urup ýykandygyny aýtdy.

Howa güýçleriniň metbugat gullugyna görä, rus güýçleri bu sebiti Eýranda öndürilen “Şahed” dronlaryny ulanyp, Russiýanyň Primorko-Ahtarsk etrabyndan nyşana aldy.

Ukrainanyň bir harby howa menziliniň ýerleşýän ýeri bolan Starokostyantyniw etraby soňky sapar geçen hepde rus raketa hüjümleri bilen nyşana alyndy.

Russiýa 19-njy dekabrda ukrain güýçleriniň pilotsyz uçarlar bilen Moskwa hüjüm etmäge synanyşandygyny, ýöne goranyş ulgamlarynyň uçarmansyz howa ulaglaryny ýok edendigini, onuň bölekleriniň paýtagtyň merkeziniň daşyna baryp düşendigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG