Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiý ABŞ-ny Kadyrowy Maduro ýaly tussag etmäge çagyrdy


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý ABŞ-nyň hökümetini edil Wenesuelanyň agdarylan prezidenti Nikolas Maduro bilen bolşy ýaly, Çeçenistana goşun ibermäge we onuň lideri Ramzan Kadyrowy tussag etmäge çagyrdy. Zelenskiý bu çagyryşyny žurnalistler bilen duşuşygynda mälim etdi diýip, “Strana.ua” neşiri habar berýär.

Ukrain prezidentiniň pikiriçe, şeýle berk çäreler Moskwa basyş etmäge kömek edip biler.

“Olaryň [amerikanlaryň] gurallary bar. Olar başarýarlar. Olar hakykatdanam islänlerinde, olary tapyp bilýärler. Esasy zat, olaryň Ukrainany ileri tutmagydyr. Russiýa basyş etmek üçin gurallary tapmagydyr” diýip, ukrain prezidenti belledi.

Ol öz çykyşyny dowam etdirip, Wenesuelanyň häkimiýetden agdarylan lideri Nikolas Madurony mysal getirdi.

Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow öz Telegram kanalynda Wlodymyr Zelenskiniň beýanatyna jogap berdi.

“Indi [ol] amerikanlardan kömek soraýar we ‘bize ýarag bilen kömek etmediňiz, ýöne iň bolmanda Ramzany ogurlaň’ diýýär” diýip, Kadyrow Ukrainanyň prezidentine ýüzlendi.

Kadyrow “duşman biziň respublikamyza girip biler, ýöne çykyp bilmez” hem diýdi.

XS
SM
MD
LG