Zelenskiý Russiýany Tramp-Putin ylalaşygyna garamazdan, energiýa infrastrukturasyna zarba urmakda aýyplaýar
19-njy martda Ukrainanyň Kiýew sebitiniň Hostomel şäherinde rus pilotsyz uçarynyň zarba uran ýerinde zeper ýeten jaýlaryň harabalyklaryny arassalaýan adam.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Russiýanyň Ukrainadaky energiýa infrastrukturasyna zarba urandygyny aýtdy. Bu, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putinyň Ukrainadaky söweşde ok atyşygyň bes edilmeginiň "uzak ýoly" barada duýduryş we şeýle hüjümleri amala aşyrmagy togtatmak barada wada bereninden birnäçe sagat soň boldy.
Zelenskiý 19-njy martda Finlýandiýanyň prezidenti Aleksandr Stubb bilen bolan duşuşykdan soň Helsinkide geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda günüň dowamynda Tramp bilen gürleşjekdigini aýtdy. Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky gepleşiklerde gelnen 30 günlük ýaraşyk baradaky ylalaşyk maksadyna ýetip bilmedi.
Kremliň gepleşikleriň netijesi baradaky beýanatynda, ylalaşygyň çäginde diňe energiýa infrastrukturasyna edilýän zarbalar bilen çäklenilendigi aýdylýar. Ak Tamyň beýanaty biraz tapawutlanyp, "energiýa infrastrukturasyny oka tutumagy bes etmek" bilen Gara deňizde ok atyşygy bes etmek ýaly has giň parahatçylyk şertnamasyna tarap ädim ätmek barada aýdyldy.
Ýöne iş ýüzünde iki tarapyň hem bir gijäniň dowamynda howa zarbalaryny amala aşyryp, uly üýtgeşik göze ilmedi.
"Putin Tramp bilen geçirilen gepleşiklerde energiýa gurluşlarymyza edilýän zarbalary togtatmak barada çykyş edeninden soň, Russiýanyň 150 drony sebitlerimizi nyşana aldy we energiýa infrastrukturasyna zarba urdy" - diýip, Zelenskiý aýtdy.
"Putiniň sözleri barlanylmaly. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu gözegçilige ýolbaşçylyk edip biler .... Rus pilotsyz uçarlary we raketalary bilen urlan binalaryň we desgalaryň sanawyny düzeris. Ruslar binalarymyzy nyşana almagy bes etseler, rus sebitlerine hüjümlerimizi bes ederis" - diýip Zelenskiý belledi, emma 19-njy martda Tramp bilen geçirjek gepleşikleriniň mazmuny barada maglumat bermekden saklandy.
Ukrainanyň prezidenti "Ilki bilen ok atyşlygy bes etmek üçin, soň bolsa uzak möhletli parahatçylyk üçin uzak ýol bar" diýdi.
Zelenskiý Tramp bilen Putiniň gepleşiklerinden soň Russiýanyň zarbasyna sezewar edilen belli bir energiýa infrastrukturasynyň adyny tutmady, ýöne döwlet eýeçiligindäki Ukrainanyň demir ýollary 19-njy martdaky hüjümlerde Dnipropetrowsk sebitindäki demirýol ulgamyna degişli energiýa infrastrukturasyna zarba urlandygyny aýtdy.
Mundan başga-da, Russiýanyň birnäçe howa zarbasy raýat infrastrukturasyna degdi, şol sanda Sumy şäheriniň keselhanasyna we Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitindäki şäherlere pilotsyz uçar tarapyndan hüjüm edildi. Rus pilotsyz uçarlarynyň Kiýewde we başga-da birnäçe sebitde hüjüm edendigi habar berildi.
2024-nji ýylda Orsýet tarapyndan basylyp alnan ukrain şäherleri we obalary
1/16Russiýa 2024-nji ýylyň oktýabrynda Ukrainanyň Donetsk sebitinde Wuhledary basyp aldy. Şäher üçin söweşler iki ýyl dowam etdi. Indi ol ýerde diňe harabaçylyk galdy. Bu suratda 2023-nji ýylyň sentýabryndaky Wuhledar şäherindäki weýran edilen ýaşaýyş jaýlary görkezilýär.
2/16Donetsk oblastynyň Awdiýewka şäherindäki weýran edilen ýaşaýyş jaý, 2023-nji ýylyň noýabry. Şäher ugrundaky söweş 2024-nji ýylyň fewral aýynda tamamlandy. Awdiýewkada ýekeje-de abat jaý galmady. Ukrain serkerdesiniň aýtmagyna görä, şäheri basyp almak Russiýa agyr düşdi, söweşde 47 müň rus esgeri ýogaldy. Moskwa öz goşunynyň her bir söweşde we tutuş uruşda ýitgileri barada, açyk maglumat bermeýär.
3/16Ukrain esgeri Awdiýewka şäherinde "Awdiýewka – men seni söýýärin" diýen demir ýazgyly meýdançada, 2023-nji ýylyň noýabry. Şol gezek Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň fotožurnalisti Serhiý Nužnenko bu şäherde soňky gezek boldy. Russiýanyň goşuny Awdiýewkany 2024-nji ýylyň fewral aýynda basyp aldy. Şäher üçin söweşler bäş aýdan gowrak dowam etdi.
4/162023-nji ýylyň maý aýynda Wuhledar şäheriniň golaýyndaky Preçistiwka obasynda oka tutulan jaý. Rus goşuny bu obany 2024-nji ýylyň sentýabrynda eýeledi.
5/16"Ruslar, gutlaýarys, siz dowzahda" diýen ýazgy Ukrainanyň Donetsk oblastynyň Nýu-Ýork obasynda, 2022-nji ýylyň apreli. Russiýa 2024-nji ýylyň awgustynda Nýu-Ýorky basyp alandygyny yglan etdi. Emma ukrain goşuny oba ugrundaky söweşleriň sentýabr aýynda hem dowam edýändigini habar berdi. DeepState maglumatyna görä, Russiýa Nýu-Ýorky oktýabr aýynda öz kontrollygyna aldy.
6/16Donetsk oblasty, 2023-nji ýylyň iýuny. Ukrainanyň goşuny 2023-nji ýylyň tomsunda bolan garşylykly hüjümde, Blagodatnoýe obasyny azat etdi. Şonda Nužnenko şu suraty düşüripdi. 2024-nji ýylyň dekabrynda Blagodatnoýe ýene-de ruslaryň gol astyna düşdi.
7/16Ukrainanyň Donetsk oblastynyň Pokrowsk şäheriniň golaýynda ýerleşýän Selidowa şäherindäki köçe, 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabry. Selidowa oktýabr aýynyň 31-de basylyp alyndy.
8/16Donetsk sebitiniň Terny obasynyň ýaşaýjysy tamynyň golaýynda, 2023-nji ýylyň marty. Oba ugrundaky söweş 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda başlanyp, şu ýylyň başynda ol doly eýelendi.
9/16Wuhledarda ýerde ýatan tigir. Köp gatly jaýlary bolan bu kiçijik şäher baýyrlykda ýerleşýär. Bu şäher ukrain goşunyna söweşlerde amatly bolup, hüjümleri yza serpikdirmäge mümkinçilik berdi.
10/16DeepState kartasyna görä, Ukrainanyň Donetsk oblastyndaky Çasiw Ýar şäheri rus goşunlary tarapyndan bölekleýin basylyp alnypdyr. Suratda Kanal mähellesi görkezilýär. Ony Orsýet 2024-nji ýylyň iýul aýynda eýeledi. Şäher ugrunda söweş 2023-nji ýylyň maýynda Bahmutyň basyp almagyndan soň başlandy we häzire çenli-de dowam edýär.
11/16Awdiýewkany eýeläninden soň, rus goşunlary has-da öňe gitdiler. Bu surat 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Awdiýewka bilen Berdiçi obasynyň arasyndaky ýolda düşürildi. 2024-nji ýylyň aprel aýynda Ukraina Berdiçiniň rus goşuny tarapyndan alnandygyny tassyklady.
12/16Ukrainanyň Donetsk oblastynyň Kurahowa etraby, maý, 2024. Şol döwürde ol ýerde ýaz-meýdan işleri dowam edipdi. Bu ýerler 2024-nji ýylyň noýabrynda, onuň dolandyryş merkezi bolan Kurahowa şäheri 2025-nji ýylyň ýanwarynda basylyp alyndy.
13/16Rita pişigi bilen Awdiýewkada. Olaryň ykbaly belli däl. Basylyp alnan wagtynda Awdiýewka şäherinde 900-e golaý parahat ilat bardy. Adamlar ýerzeminde ýaşap, ynsanperwer kömegi bilen gün görýärdiler. Uruşdan öň Awdiýewkada 30 müňe golaý adam ýaşapdyr.
14/16Donetsk oblastynyň Wozdwiženka obasy ugrunda söweş 2024-nji ýylyň iýul aýynda başlandy. Ondan biraz öň, 2024-nji ýylyň maýynda Serhiý Nužnenko Wozdwiženka oba hojalyk kärhanasynyň bombalanyşynyň netijelerini surata düşürdi. Ýanwar aýyndan bäri Wozdwiženka garşy güýçleriň elinde.
16/16Donetsk oblastynyň Nowogrodiwka şäheriniň ýaşaýjysyny göçürýärler, 2024-nji ýylyň awgusty. Şondan 20 günden soň şäheri rus goşunlary basyp aldy. Sag tarapdaky adam Täze Zelandiýadan meýletin gulluk edýän Ouen. Öňki harby medisina gullukçysy adamlary halas etmek işine kömek etmek üçin Ukraina geldi.
"Ine, size energetika infrastrukturasyna zarba urulmagyndaky 'arakesme' ýa-da duşman tarapyndan 'energiýany oka tutmagy' togtatmak" diýlip, "Ukrain demir ýollarynyň" resmi Telegram kanalynda aýdyldy, emma adam pidalarynyň bolmandygy habar berildi.
Uruş döwründe Russiýa gyşyň sowuk wagtynda elektrik energiýasyndan we ýylylykdan mahrum edip, ýurduň raýatlaryny ruhdan düşürmek üçin Ukrainanyň elektrik infrastrukturasyny weýran etdi.
Bu aralykda, ukrain pilotsyz uçarlary Russiýanyň Krasnodar sebitindäki nebit saklanýan desga gije hüjüm edip, ýangyna sebäp boldular we desgalary birleşdirýän turbageçirijisine zeper ýetirdiler. Russiýanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça resmileri ölenleriň ýokdugyny aýtdylar.
Kremliň Tramp-Putin gepleşikleri barada eden beýanatynda Putiniň Trampyň şeýle infrastruktura hüjümlerde 30 günlük arakesme etmek baradaky inisiatiwasyna "oňyn jogap berendigi" we dessine rus goşunyna degişli buýruk edendigi aýdyldy.
Milliard dollarlyk ýarag. Ukraina nähili ýaraglar toplumy berilýär?
1/8AT4 tanka garşy ulanylýan ýarag
Ukrainanyň harby hünärmenleri bu ýaragyň snarýady üçin, FPV dronlarynda ulanylýan özleri tarapyndan üýtgedilen raketalary peýdalanyp bilýärler.
Egniňde goýup, tanka garşy atylýan ýarag 1970-nji ýyllarda Şwesiýada taýýarlanyldy we 1980-nji ýyllarda ABŞ-nyň goşuny tarapyndan kabul edildi.
2/8HAWK uçarlara garşy raketa ulgamy
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 30-njy dekabrda çap eden beýanatynda, bu täze ýarag toplumy anyklaşdyrylman, diňe "howa goranyş ýaraglaryna" degişli diýilýär. Ýöne AP gullugy Kiýewiň HAWK ulgamlary bilen üpjün edilendigini aýdýar.
HAWK ulgamy ABŞ-nyň ýaragly güýçlerine ilkinji gezek 1959-njy ýylda berlipdi. Maglumatda aýdylyşyna görä, bu köne raketalar Eýran tarapyndan öndürilýän, çaltlygy onçakly ýokary bolmadyk, ‘Şahed’ dronlaryny ýok etmekde netijeli saýylýar.
3/8Ýokary çaltlykda hereket edip bilýän HIMARS artilleriýa ulgamy
Berlen ýardam toplumynda HIMARS üçin raketalar bolar. Ukraina iberilýän HIMARS goýberijileriniň üpjünçiligi barada, doly bir zat aýdylmaýar.
4/8El granatlary
Ukrainadaky uruşda el granatlary garşydaşyň garymlaryna hüjüm edilende, edil dronlar ýaly giňden ulanylýar.
5/8Stinger raketalary
2022-nji ýylyň fewralynda Russiýanyň doly möçberli çozuşlary başlanandan bäri, ABŞ we beýleki ýurtlar tarapyndan, Ukraina müňlerçe eginde goýup atylýan uçara garşy raketa iberildi. Şol ýylyň maý aýyna çenli Waşington Ukrainany Amerikan Stinger gorlarynyň dörtden bir böleginden gowragy bilen üpjün etdi.
6/8155-mm we 105-mm-lik artilleriýa snarýadlary
Bu ölçegdäki oklar NATO tarapyndan Ukraina berlen ýüzlerçe günbatar gaubisalaryna – özi ýöreýän toplara laýyk gelýär. Top oklarynyň ýetmezçiligine we olaryň häzirki möçberde öndürilişine laýyklykda, şu günki günde her 155-mm snarýadynyň bahasyny 8400 dollara durýar.
7/8TOW tanka garşy raketalar
Ulaglaryň üstünde ýerleşdirilýän TOW raketalary Ukrainadaky Orsýetiň bronly tehnikasyny netijeli ýok etmekde, özüni eýýäm mälim etdi.
8/8Javelin raketalary
Ilkibaşda bu hili raketalara rus galkanly tehnikasyna garşy esasy ýarag hökmünde garalýardy. Emma Javeliniň bahasyny göz öňünde tutup, onuň her biri 200 müň dollardan gowrak, olaryň ornuna has arzan bolan FPV dronlary ulanylyp başlandy. Amerikada bar bolan Javelin gorlarynyň ýarysy, ýagny 25 müňe golaý raketa 2022-nji ýyldan bäri Ukraina iberilýär.
30-njy dekabrda yglan edilen harby kömekler toplumynyň köpüsi anyklaşdyrylman, oňa "maksatlaýyn üpjünçilik, egin-eşikler we ýörite enjamlar", şeýle hem "hyzmatlar, tälim bermek we ulag hyzmaty" girýär diýlip mälim edildi.
Previous slide
Next slide
Tramp Putin bilen gepleşigini "örän oňat we özgerişlikli" diýip häsiýetlendirse-de, Zelenskiý 18-nji martyň ahyrynda sosial mediada ýazan ýazgysynda netijä lapykeçlik bildirdi we Putiniň parahatçylyga gyzyklanmasynyň ýokdugyny we "urşy yza çekmek" niýetini görkezendigini belledi.
Tramp Russiýa-Ukraina urşunyň gysga wagtda bes edilmegini isledi, ýöne prezident saýlaw kampaniýasy wagtynda söweşi 24 sagadyň dowamynda bes etjekdigini wada berende, "birneme gülkünç" bolandygyny şu aýda boýun aldy.
ABŞ-nyň wekili Stiw Witkoff 18-nji martda "Fox News"-a beren interwýusynda Russiýa bilen Ukraina arasyndaky söweş barada täze gepleşikleriň 23-nji martda Jiddede geçiriljekdigini aýtdy.
"Şeýtan jikme-jik zatlarda gizlenýär. Saud Arabystanyna milli howpsuzlyk geňeşçimiziň we döwlet sekretarymyzyň ýolbaşçylygyndaky bir toparymyz barar we meniň pikirimçe, bu jikme-jiklikleri anyklamaly bolýarys"- diýip, Witkoff aýtdy.
Zelenskiý, Ukrainanyň mundan beýläk ýaraşyk ylalaşyklary boýunça ABŞ bilen gepleşik üçin topar ibermäge taýýardygyny, şol bir wagtyň özünde-de Kiýewiň Russiýanyň Ukrainada basyp alan ýerlerine ygtyýarlygyny ykrar etmejekdigini aýtdy. Putin birnäçe gezek munuň parahatçylyk şertnamasynyň şertidigini aýdypdy.
Kiýew sebitiniň Buça etrabynda harby dolandyryş gullugynyň başlygy Mykola Kalaşnygyň sözlerine görä, 60 ýaşly bir adam iki aýagyndan ýaralanyp, keselhana ýerleşdirilipdir.
Bu hüjüm üç şäherçedäki dokuz jaýy zaýalady ýa-da bölekleýin weýran etdi, üç şäher jaýynda ýangyn bolup, halas ediji işgärler tarapyndan söndürildi.
Paýtagtyň Obuhiw, Fastiw we Boryspil etraplarynda ýangyn döräp, azyndan bir öýe zyýan ýetendigini habar berildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.