Gazak žurnalisti we oppozisiýa aktiwisti Aýdos Sadykow 18-nji iýunda Ukrainanyň paýtagty Kiýewde näbelli bir hüjümçi tarapyndan tüpeňlendi.
Aktiwistiň aýaly Natalýa Sadykowa Facebookda "adamsyny öldürmek üçin edilen synanyşygyň" onuň Kiýewdäki öýüniň golaýynda bolandygyny aýtdy.
Ol şundan başga jikme-jiklikleri aýtmady. Žurnalistiň aýaly hüjüm wagtynda adamsynyň ýanyndady, ýöne oňa ok degmedi. Ukrainanyň Milli polisiýasy şahsyýeti näbelli bir adamyň park edilen ulagyň içinde oturan adamy tüpeňläp, soň ol ýerden gaçandygyny aýtdy, ýöne goşmaça maglumat bermedi.
Baş prokuratura "Žurnalisti, Gazagystanyň raýatyny öldürmek synanyşygynyň" derňelip başlandygyny, pidanyň "agyr ýagdaýda" hassahana ýerleşdirilendigini aýtdy. Prokuratura Sadykowyň adyny agzamady.
Gazagystanda ýaşaýan adam hukuklaryny goraýjy Inga Imanbaý Facebookda Natalýa Sadykowa bilen gürleşendigini, onuň adamsynyň häzir, operasiýadan soň, reanimasiýa bölümine geçirilendigini aýdandygyny aýtdy.
Sadykowa biraz soň Kiýewdäki žurnalistlere bu hüjümiň özüniň we adamsynyň žurnalist hökmünde eden işleri bilen baglanyşyklydygyna ynanýandygyny aýtdy.
"Men hemmeleriň bir zada düşünmegini isleýärin. Hüjüm biziň žurnalistik işlerimiz bilen gönüden-göni baglanyşykly" diýip, Sadykowa şol gün irden adamsy bilen özleriniň YouTube ulgamyndaky "Base" kanalynda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi onuň Russiýa tarapdar syýasatlary üçin tankyt edýän täze materialy çap edendiklerini hem sözüniň üstüne goşdy.
Sadykow 2010-njy ýyla çenli Gazagystanyň demirgazyk-günbataryndaky Aktobe sebitinde, dogduk ýerinde oppozisiýadaky Azat Sosial Demokratik partiýasynyň ýerli bölümine ýolbaşçylyk edipdi.
Soň ol Hytaýyň eýeçiligindäki CNPC-Aktobemunaygaz nebit kompaniýasynda işleýän gazak işçileriniň hukuklaryny goraýan kärdeşler arkalaşygyny döretmekde esasy güýç bolan topara ýolbaşçylyk etdi.
Gazak häkimiýetleri 2014-nji ýylda, töhmetçilik aýyplamalarynda aýyplap, şol wagt garaşsyz “Respublika” gazetinde žurnalist bolup işleýän Natalýa Sadykowa garşy kazyýet işini açdylar.
Şondan soň är-aýal Gazagystandan gaçyp, Kiýewde ornaşdy we ukrain paýtagtynda ýaşady. Olar Ukrainada syýasy gaçybatalga aldylar. Gazak häkimiýetleri 2016-njy ýylda “Respublika” gazetini ýapdy.
Olar Ukrainada rus we gazak dillerinde gepleşik berýän “Base” YouTube kanalyny açyp, Gazagystanda korrupsiýa ýagdaýlaryna ýygy-ýygydan syn etdiler.
Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy giň gerimli urşa başlanyndan soň, Sadykowlaryň YouTube kanalynda Moskwanyň agressiýasyny tankytlaýan we gazak hökümetini Russiýa tarapdar syýasat ýöretmekde aýyplaýan materiallar ýerleşdirildi.
Gazagystan 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Aýdos Sadykowy we onuň aýalyny "ýigrenji öjükdirmekde" aýyplap, gözlenilýän adamlaryň sanawyna goşdy. Sadykow şol wagt Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna bu aýyplamanyň syýasy sebäpler esasynda bildirilendigini aýtdy.
Forum