Çernobyl heläkçiliginiň 25 ýyllygy bellenilýär

Şu gün Ukrainada Çernobyl atom stansiýasynda bolan heläkçiligiň 25 ýyllygy bellenilip geçilýär.

1986-njy ýylyň 26-njy aprelinde Çernobyldaky atom reaktorlaryndan birinde ýüz beren partlama bu regionda radioaktiw heläkçiligiň ýüze çykmagyna getiripdi.

Atmosfera ýaýran radioaktiw izotoplar Ukraina bilen serhetleşýän Belarusyň we Orsýetiň serhetýaka regionlarynda-da howply ýagdaýlary döredipdi.

Geçen hepde Kiýewde geçirilen halkara donor konferensiýasynyň netijesinde Çernobyl atom reaktorynyň daşyna täze gorag diwaryny gurmak maksady üçin 550 million ýewro maliýe serişdesi toplandy.