Britaniýanyň premýer ministri Gordon Brown Tährandaky Britan ilçihanasynyň tussag edilen dört ýerli işgäriniň boşadylmagyna çagyrdy. Brown metbugat konferensiýasynda Eýran häkimiýetleriniň bu hereketi kabul ederliksiz we kada-kanuna sygmaýar diýdi. Bu dört adam Eýranyň dawaly prezident saýlawlaryndan soň ilata meçew bermekde aýyplanyp tutulan dokuz ilçihana işgäriniň içindedi. Häkimiýetler olaryň bäşisini goýberendiklerini aýdypdylar. Eýran Günbatar döwletlerini, hususan-da Britaniýa bilen Birleşen Ştatlaryny öz içerki işlerine gatyşmakda, 12-nji iýunda geçirilen saýlawlardan soň müňlerçe protestçini köçelere çykarmakda aýyplaýar. London we Waşington bu aýyplamany ret edýär.