Gürjü hem-de rus resmileri Ženeweda howpsuzlyk gepleşiklerini geçirdiler. Bu olaryň 2008-nji ýylyň awgustynda bolan bäş günlük çaknyşygyndan bäri şunuň ýaly altynjy duşuşgydyr. Duşuşykda hiç bir ylalaşyga gelinmedi, ýöne bu iki ýurt 17-nji sentýabrda Ženewada ýene bir gezek duşuşumaly etdi. Muňa garamazdan, Rusiýa Federasiýasy bilen Gürjüstan, geçen ýylyň urşunda zyýan ýeten suw üpjünçilik sistemalaryny bejermeklige garamak barada bir pikire geldiler.