ÝRÖB Aşgabatda öz programmasynyň görkezilişini gurnady

Ýewropanyň Rekonstruksiýa we Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Aşgabatda öz programmasynyň görkezilişini gurnady. Oňa ýurduň ministrlikleriniň we edaralarynyň, döwlet hem aksioner-kommersiýa banklarynyň spesialistleri, şeýle-de kärhanalaryň, şol sanda hususy sektoryň ýolbaşçylary gatnaşdy.

1991-nji ýylda döredilen, regiondaky uly hususy inwestor bolan Ýewropanyň rekonstruksiýa we ösüş bankynyň hususy hem döwlet sektorlaryna uzak wagtlyk kredit bermek işini amala aşyrýandygy TDH gullugynyň çap eden informasiýasynda bellenýär.